«Çelsi» Tomas Tuheliň wezipesinden boşadylandygyny mälim etdi

Sentýabr 7, 2022

Angliýanyň «Çelsi» topary baş tälimçi Tomas Tuheli işden boşatdy. Bu barada toparyň resmi saýty mälim etdi. Toparyň bu baradaky habarynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

«Çelsi» klubuň adyndan Tomas Tuhele we onuň tälimçiler toparyna bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirýär. Tomas Tuhel Çempionlar ligasynda, Ýewropanyň Superkubogynda we Klublaryň arasyndaky Dünýä çempionatynda gazanylan ýeňişler arkaly «Çelsi»-niň taryhyndan orun alar. 

Täze ýolbaşçylar toparyň dolandyryşynda 100 gün işlediler. Olar topary öňe ilerletmek ugrunda yhlasly hereketlerini dowam etdirýärler. Täze ýolbaşçylar tälimçini çalyşmagyň wagty geldi diýip hasaplaýarlar. 

«Çelsi»-niň tälimçiler topary geljekki oýunlara taýýarlyk görmek we türgenleşikleri geçirmek wezipesini öz üstlerine alarlar. Topar täze tälimçiniň bellenilmegi ugrundaky hereketlerini uly depginde alyp barýar. Täze tälimçi bellenilýänçä, başga hiç hili düşündiriş berilmez». 

Maglumat üçin, Tomas Tuheliň işden boşadylmagyna esasy sebäp hökmünde «Çelsiniň» APL-daky şowsuz badalga almagy (6 oýunda 3 ýeňiş, 1 deňlik, 2 ýeňliş) hem-de ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji aýlawynda Zagrebiň «Dinamosyndan» garaşylmadyk ýagdaýda ýeňlişe sezewar bolmagy görkezilýär. 

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.