«Çelsi» senegally goragçyny satyn aldy

Iýul 16, 2022

31 ýaşly senegally goragçy Kalidu Kulibali resmi ýagdaýda «Çelsi»-niň oýunçysyna öwrüldi. Şu gün london topary Kulibaliniň transferi babatda «Napoli» bilen ylalaşyga gelnendigini resmi saýty arkaly mälim etdi. 

Habarda «aristokratlaryň» Kulibali bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşandygy aýdylýar. Ýeri gelende bellesek, «Çelsi»-niň Kulibalini düzümine goşmakdan esasy maksady topary terk eden Antonio Rýudigeriň hem-de Andreas Kristenseniň ýerini dolmak bolup durýar. Sport neşirleri bu transferiň «Çelsi» üçin 40 million ýewro düşendigini, oýunçynyň özüne ýylda 10 million ýewro hak tölenjekdigini ýazýarlar. Bu barada heniz resmi maglumat berilmedi. 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.