Sport

Sport
438 gün 2 sagat öň
Lewandowski topardaşlary bilen hoşlaşdy

Mýunheniň «Bawariýa» klubynyň hüjümçisi topardaşlary bilen hoşlaşdy. Ol üç günlük gijikmelerinden soňra, şu gün toparyň türgenleşiklerine wagtynda gelipdir we ýoldaşlary bilen hoşlaşypdyr. Bu barada žurnalist Kristian Falk öz sosial hasabynda habar berdi.

Mundan ozal ýakyn wagtda Lewandowskiniň «Bawariýa»-syndan «Barselona» geçjekdigi barada habarlar ýaýrapdy. Mälim bolşuna görä, taraplar oýunçynyň transferi babatda ylalaşyga gelipdirler. Polşaly hüjümçiniň katalon topary bilen 2025-nji ýyla çenli şertnama baglaşmagyna, şeýle-de «Barselona»-nyň transfer üçin mýunhenlilere 50 million ýewro tölemegine garaşylýar. 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000