FIFA-nyň Ukrainada we Russiýada oýnaýan daşary ýurtly oýunçylara şertnamasyny ýatyrmaga rugsat berýän çözgüt çykarmagy ukrain topary tarapyndan oňlanylmady. «Şahtýor» degişli karar boýunça FIFA-nyň üstünden Sport arbitraž kazyýetine arz etdi. Mälim bolşuna görä, ukrain topary ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin, 50 million ýewro öwez tölegini tölemegi talap edýär. «Şahtýor»-yň ýolbaşçylarynyň hasap-hesibine görä, şol karar esasynda kluby terk eden dört legioneriň transferinden, takmynan, şonça girdeji almak mümkin eken. FIFA-nyň legionerler bilen bagly agzalýan çözgüdi bolsa, «Şahtýor»-yň ol transferleri amala aşyrmagyna böwet boldy.
Ýeri gelende ýatlatsak, «Şahtýor» 2022-2023-nji ýylky möwsümde ÝÇL-iň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder. Ukrainanyň çempiony öz öý duşuşyklaryny Polşanyň Warşawa şäherinde geçirer.
0 Teswirler