Edebiýat

Edebiýat
365 gün 22 sagat öň
Şahyryň sözi gysga, şerhi köp

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).

34. Kepderiniň çagasy barmy?!

Türkmeniň aryf-danasy hezreti Magtymgulynyň şygyr diwanynda okyjylar köpçüligine meşhur bolan «Gökje kepderi» («Kepderi») atly şygyr bar. Ol meşhur şygryň bir bendi 2013-nji ýyldaky diwanda (2-nji jilt, 340 sah.) şeýle nusgada:

Sen-sen dinim imanym,

Saňa gurban bu janym,

Pylan ýerde aşýanym,

Ýaş çagam bar, ýa Aly...

Ozalky neşirlerde bu bent başgarak nusgada hem ýerleşdirilen. Biz bu ýerde soňky setiri seljermekçi. Sebäbi soňky setir göçürijiler ýa-da diwany neşire taýýarlanlar tarapyndan gödek ýoýlan. Çünki beýik akyldarymyzyň diňe adamzadyň nesline «çaga» diýilýändigini has oňat bilendigine şek ýok. Türkmen dilinde guşlaryň ýumurtgadan çykan ýaş nesline «jüýje», goýnuňka — guzy, geçiniňkä — owlak, atyňka — taý, düýäňkä — köşek... diýilýär. Türkmen dilinde: «Pälwan, toý göreşinde bir guzuly goýny (köşekli düýäni, göleli sygry...) gazandy» diýýärler. «Bir çagaly goýun» (çagaly düýe, çagaly sygyr...) diýilýän ýeri ýokdur! Şonuň üçin hem soňky setir geljekde:

Ýaş jüýjäm bar, ýa Aly... —

görnüşinde alynsa, mantyga-logika dogry bolardy.

35. Şeýh Lukman Sarahsly mesele

Hezreti Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanynda «At islärin» atly (Aşgabat, 2013, 1-nji jilt, 268 sah.) şygyr bolup, onda şeýle setirler bar:

Hajy Bekdaş, Abdyl kadyr,

Hajy Ahmet, Ymam Ryzadyr...

Biz bu ýerde türkmeniň beýik akyldary, keramatly pir, hezreti Hajy Bekdaşy barada käbir seljeriş geçirmekçi. Ol, takmynan, 1248 — 1298-nji ýyllarda ýaşan meşhur şahsyýet.

Bu weli kişi barada 2013-nji ýylda neşir edilen «Magtymguly» diwanynyň 2-nji jildinde (501 sah.) «..., esasan, Horasanda şyh Lukman Sarahsydan sapak alypdyr» diýip, düşündiriş berilýär. Diwany neşire taýýarlan bu ygtybarsyz maglumaty näme üçin halka hödürläpdir, ol barada seljeriş geçirmekçi däl. Ýöne bu maglumatyň dogry däldigini jogapkärçilik bilen aýdyp bilerin. Meşhur akyldar, şeýh Ferideddin Attar Nişapuriniň (1118 — 1221-nji ýyllarda ýaşan) pars dilinde ýazan, dünýä meşhur gymmatly «Tezkeret ul-owliýä» atly eserinde şeýh Lukman Sarahsynyň hezreti Sarahs baba (dünýäden gaýdan senesi 1023-1024 ý.) bilen egindeş bolan. Galyberse-de, gaýry dillerde ýazylan gadymy, ygtybarly çeşmeler şeýh Lukman Sarahsynyň hijri-kamary senenamasynda 394-nji (milady hasabynda 1003-1004-nji ýyl) ýylda dünýäden gaýdandygyny habar berýärler. (Türkmeniň halatly ogly, keramatly pir, şeýh Lukman Sarahsynyň ömür beýany barada şu setirleriň awtorynyň 2014-nji ýylda neşir edilen «Hezreti Sarahs baba» atly ylmy-seljeriş kitabynda giňişleýin beýan edilýär). Şonuň üçin hem keramatly türkmen piri, şeýh Lukman Sarahsynyň dünýäden gaýdanyndan 243 ýyl soň dünýä inen Hajy Bekdaşa dünýewi ýagdaýda tälim-sapak bermegi asla mümkin däl!

Bu zeýilli hata akyldaryň geljekde çap ediljek neşirlerinde goýberilmese ýagşy bolardy.

36. «Sygmaý çykdy Deliti-Dahan düzünden»?!

Beýik akyldarymyzyň 2013-nji ýylda neşir edilen diwanynyň birinji jildinde (17 sah.) «Öňi-ardy bilinmez» atly şygry ýerleşdirilip, onuň 1-nji bendi aşakdaky nusgada berlipdir:

Gökleň, ýomut täsip edip özünden,

Çekdi goşun, öňi-ardy bilinmez.

Sygmaý çykdy Deşti — Dahan düzünden,

Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez...

Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer. Emma, bu bendiň üçünji setirindäki «Deşti — Dahan...» söz düzümi köp okyja düşnüksiz. Neşire taýýarlan näme üçin ol ýerdäki «Deşti» diýen sözi has at ýaly, baş harp bilen alypdyr?!

Ol söz pars dilindäki «däşt» sözünden bolup, türkmençe «sähra» diýen manyny berýär. Düýp söz «deşt» hem-de ol sözüň ahyryndaky «i» harpy pars dilindäki degişliligi aňladýan ezafe goşulmasy bolup, ol aýdylýar, ýöne ýazylmaýar. Eger türkmen diliniň desturynyň galypynda ol ezafe ýazylmaly bolsa, ol harp düýp sözden aýry, ara çyzyk goýup ýazylmaly, mysal üçin «... deşt-i...».

Ikinjiden, ol sözden soňky, has at ýaly ýazylan «Dahan» sözi hem okyjy üçin düşnüksiz bolmagynda galýar.

Diwanyň 1993-nji ýyldaky neşirinde (103 sah.) ol jümle «...deşti — Dahhan...» nusgasynda.

Umuman, bu jümle okyjylar üçin düşündirişi talap edýär.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, mundan 2000 ýyl ozal oguz-türkmen kowumlarynyň käbirleri pars çeşmelerinde dah taýpalary diýip atlandyrylan. Olar Oguz hanyň ogly Dag hanyň nesilleri bolup, gaýry dildäki taryhy ýazgylarda Dag hanyň neslinden bolan taýpanyň ady «deh», «dah» görnüşlerinde ýoýlup ýazylypdyr.

Galyberse-de, Parfiýa-türkmen imperiýasynyň 18-nji patyşasy hökmünde oguzlaryň Dag hanyň neslinden bolan, çeşmelerde «dahlaryň hökümdary» diýip atlandyrylýan uly taýpasynyň Ärdogan (Ärtaban) lakamly hökümdary saýlanylýar.

Ondan soňky zaman tä Parfiýa-türkmen şalygy miladynyň 227-nji ýylynda synýança, ol imperiýada şalyk sürenleriň hemmesi şol Ärdoganyň nesilleridir. Şonuň üçin hem ol setir geljekde:

Sygmaý çykdy deşt-i dahan düzünden...

ýa-da:

Sygmaý çykdy deşt-i Dah han düzünden... –

görnüşinde taýýarlanyp, sahypanyň aşagyndan: «deşt-i dahan (Dah han), häzirki Dehistan — Gürgen sebiti, Oguz hanyň Dag han atly oglunyň nesliniň ýaşan gadymy mekany» diýip, düşündiriş bermek zerurlygy bar.

(Dowamy gazetiň indiki sanynda).

 

* Peýdalanylan edebiýatlar:

1. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1994. 2. Magtymguly, Aşgabat, 1959.

3. Magtymguly, 2 tomluk, Aşgabat, 1983. 4. Magtymguly, 2 jiltlik, Aşgabat, 2013.

Juma ATAÝEW,

terjimeçi, žurnalist.

 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000