Edebiýat

Edebiýat
365 gün 22 sagat öň
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ AKYL-PAÝHASY — TERBIÝE MEKDEBI

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy Watanyny, il-gününi jany-teni bilen söýen, özüniň bütin ömrüni ata Watanyna, onuň abadançylygyna bagyşlan, akylly-paýhasly, il içinde sylanýan şahsyýet bolupdyr. Ol zehinliligi we ýiti akyly bilen saýlanypdyr. Magtymguly Pyragy kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Onuň goşgularynda türkmen ýigidine mahsus bolan häsiýetler jemlenipdir. «Adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetler, ahlak sypatlaryny terbiýelemek arkaly jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak bolar» diýen pikiri goldaýan Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan goşgulary uly meşhurlyga eýe bolup, bu günki gün türkmen ýaşlaryny terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Akyldar şahyryň döredijiliginde öwüt-nesihat beriji goşgulary aýratyn orny eýeleýär. «Janyna degmez», «Durasyň geler», «Ýör biläni», «Il ýagşy», «Zor bolar», «Aýrylma» ýaly onlarça şygyrlarynda şahyr döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek maksady bilen, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, gorkak namartlary ýaňsa alypdyr. Şahyryň «Il biläni» şygrynyň:

Goç ýigide toýdur-baýram,

Her iş gelse, il biläni –

diýen setirleri agzybirligi ündäpdir. Şahyryň «Janyna degmez» goşgusynda häsiýetiň adamyň derejesini kesgitleýändigi suratlandyrylýar:

Adam bar müň tümen iýdirseň azdyr,

Bardyr adam - iýen nanyna degmez.

Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen halkynyň milliliginiň synmaz binýadydyr, gadymy we müdimi halkymyzyň altyn arzuwlarynyň birleşmesidir. Watançylyk, agzybirlik baradaky pikirler Magtymguly Pyragynyň ýaýrawy giň şygryýet dünýäsiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Watansyz, il-günsüz ýaşaýşy ol bimany durmuş hasaplapdyr. Çünki türkmen topragynyň hakyky watançysy, joşgunly we şirin zybanly Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir. Şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan şygyrlary geçmişde-de, häzirki wagtda-da adamlary agzybirlige çagyryp, halal ýol-ýörelgäni ündeýänligi bilen gymmatlydyr. Şoňa görä-de häzirki zamanda ol şygyrlaryň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýetine örän ýokary baha berilýär. Ýaşlar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny uly gyzyklanma bilen okaýarlar. Akyl-paýhasyň çeşmesi bolan Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan özleriniň durmuşda gabat gelýän meseleleriniň çözgütlerini tapýarlar. Bu bolsa türkmen ýaşlaryny durmuşa ugrukdyrmakda uly goldawdyr. Şahyr çilim çekmek, nas atmak, ogrulyk ýaly häsiýetleri «Kyly-kal bolar», «Düýşüne degmez», «Çilimkeş», «Nas atan» ýaly goşgularynda rehimsiz ýazgarypdyr. Ýaramaz häsiýetlere garşy göreşde çeper dili ýarag hökmünde ulanypdyr:

Akar durar üsti-başyň poh eder,

Senden gaçar deňi-duşuň, nas atan!

ýa-da:

Ömrüň ýele berme, azma ýoluňdan,

Agyrtmagyl ili-günüň, gybatkeş.

Magtymguly ýaman häsiýetleri ýazgarmak bilen erbetlikleri dini düşünjeleriň üsti bilen tertibe salmaga synanyşypdyr.

Bu günki gün türkmen ýaşlarynyň ahlakly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, ata Watana, ene topraga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmekleri ba­batda uly aladalar edilýär. Häzirki zamanyň kämilleşen durmuşynda berk binýatly terbiýe mekdebi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki Magtymguly Pyragynyň döredijiligi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ady äleme dolan akyldar şahyryň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Akyldar şahyryň oý-pikirleri, pähim-paýhasy biziň şu günki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar.

Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär. Türkmen halkynyň milli guwanjy bolan Magtymguly Pyragynyň çeper şygyrlary indi iki asyrdan köpräk wagt bäri nesilleriň terbiýe mekdebi bolup gelýär. Munuň şeýle bolmagynyň birinji sebäbi ol şygyrlarda il-günüň tüýs ýüreginden turýan dana pikirleriň öňe sürülýändigi bolsa, şundan pes bolmadyk ikinji sebäbi şol dana pikirleriň, öwüt-ündewleriň halka düşnükli dilde ýazylanlygydyr. Çuňňur many-mazmun, pelsepewi garaýyş bilen çeper diliň gözelligi, şirinligi utgaşyp, ol şygyrlar söz sungatynyň tapylgysyz nusgasyna öwrülipdir. Şahyr özüniň dana pikirlerini beýan edeninde, gadymy hem-de baý türkmen diliniň içki gymmatlyklaryndan, çeperçilik serişdelerinden zergäre mahsus inçelik bilen peýdalanypdyr. Şonuň üçinem ol şygyrlaryň täsiri örän ýiti bolup, olary okan ýa-da diňlän adamyň kalbyna ornap, hemişelik ýadynda galýar. Şygyr setirleriniň ençemesi nakyllardyr atalar sözlerine öwrülip, nesilleriň dilinden düşmän, halkyň kalbynda ýaşap gelýär.

Şöhratly geçmişimize, milli mirasymyza belent sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyz ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmegiň zerurdygyny hemişe belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlyklarymyza eýerýän ýaşlarymyzyň bolmagy diýseň guwandyryjydyr. Elbetde, asylly ýörelgelerimizi kämilleşdirmek we kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek biziň üçin mukaddes borçdur. Çünki türkmen halky ýaşlaryň terbiýesine uly üns berýär. Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan goşgularyndan ugur alsak, ýaşlary edep, terbiýe we bilim bezeýär. Mahlasy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar syýasatynyň çäginde ýaş türkmenistanlylaryň şahsyýet taýdan kemala gelmeginde, ösmeginde, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagynda, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbidi ugrunda ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini amala aşyryp bilmeklerinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky öwüt-nesihatlaryň ýaşlara berilýän bilim-terbiýäni baýlaşdyrmakdaky ähmiýeti uludyr.

Oguloraz SAPARLYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy. 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000