Edebiýat

Edebiýat
16 gün 15 sagat öň
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR

* Oňat eseriň başyndan girip, aýagyndan çykaňsoňam, täsirinden çykyp bolanok.

* Maňlaýyňa ýazylmadygy kagyza ýazmaly.

* Çagalygyň göçülip gaýdylan ýerde galýar.

* Yşka düşeniň gözem yşyga düşeniňki ýaly gapylýar.

* Söýgem okaraly terezi ýalydyr. Iki okarasy deňleşmese, tereziniň çüňkleri gabatlaşýan däldir.

* Oňat şahyryň ýyrtyp ýok eden zatlaram çap edilen zatlaryndan az bolmaly däl.

* Kalbyňy ýagşylyk edip arassalamaly.

* Hakyňa jür bolmasaň, jürlewük çalan köpeler.

* Başga zat edip bilmeseň, şükür etmeli.

* Ýeňil ýazylan zadyň agramy okaýana düşýär.

* Ilkinji aldawaç – emzik.

* Barmaly wagtyňy aýdýarlar, gaýtmaly wagtyňy özüň bilmeli.

*Altyn gapylynyň işi düşende, agaç gapyly gapysyny täzeledýär.

* Ýeke özüň bagtly bolup bolanok.

* Diňe adam hünäri däl, hünärem adamy saýlaýar.

* Baky däldigiňi bilýäniň üçin oňat işleri etmäge gyssanmaly.

* Uly şahyrlary söýýänleriň hiç biri hem olaryň täleýini arzuw edýän däldir.

* Başyňy belent tutsaňam, päliňi pes tutmaly.

* Kemine ýaly şahyrlar: «Çöp basan, çör basan aýajyklaryňdan...» diýse-de gelşip dur.

* Söýgi akylyň däl, duýgynyň önümi.

* Hiňlenip oturan aýdymy özüne aýdyp berýär.

* Alyň ala meýdanyna çykaňsoň, özleşdiribermeli.

* Ir bilen gelen işiňden goýar.

* Tanatmaýan talant hakyky däldir.

* Diňe özüň üçin edilen işiň sogaby ýok.

 

Atajan ANNABERDI.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000