Edebiýat

Edebiýat
309 gün 18 sagat öň
GOŞGUDAN GALAN GYÝKYNDYLAR

* Bergili utanmasa, algyly utandyrýar.

* Raýyndan gaýtmadyga raýdaşlyk bildirilenok.

* Ýyrşarmak ýylgyrmagyň ýaramaz täsir edýän görnüşidir.

* Kuwwat bilde bolany üçin, biliňi berk guşamaly.

* Göwün hem edil gül ýaly açylýar.

* Keseliň köki beýnide.

* Dynç almaga wagtyň bolmasa, edýän işiňi çalyşmaly.

* Ýasda-patada çöregi täk döwmeli.

* Ýogalan hem myhman alynýar.

* Başyňa belany satyn alaňsoň, başyňy satyn alyp bolanok.

* Söýýän gyzyny her şahyr öz halaýan agajyna meňzedýär. G. Ezizow: «...Meniň bar ruhumy direlden serwim» diýse, S. Ýesenin: «Eý, sen meniň ýöräp ýören berýozam» diýýär oturyberýär.

* Wagt puldur, ýöne pul bilen ýitirilen wagtyň öwezini dolup bolanok.

* Dep edilmedik gam-gussa hasrata ýa:zýar.

* Çykmadyk jandaky umyt külüň arasynda galan közjagaz ýalydyr.

* Atasyna seretmeýän nadan ogul enesine-de seredenok.

* Ýeriň ýarygyna gülmeli däl, aglamaly.

* Akar suwa haram ýoksa, keselledýär.

* Basyrylyp ýatan basyrynyp ýatanok.

* Gorkyň, ukusyzlygyň bagry hatardan çykarýandygyny bilýärmiň?!

* Suwdan gury ýere ilkinji çykan jandar gurbaga bolmaly.

* Diňe bedeniň däl, agzyňam, ahlagyňam arassa bolmaly.

* Gyz ädimi — bir daban.

* Gyz gülküsi ýedi ädimden aňryk eşidilmeli däl.

* Gudaň berenden Hudaň bersin!

* Il oglunyň güýji iliň güýjüne barabardyr.

* Ahlak gylyk-häsiýet diýmekdir.

* Sagym — sylanymyňky, solum — ýylanymyňky.

* Ýeriň her depigi bir gat hasaplanýar.

* Dogry gelen myhmanyň eliniň boşlugyndan başga aýby ýok.

* Çagyrylmadyk ýeriňe işiň düşende barmaly.

* Ele düşeňsoň, eliňi galdyrmaly.

* Gülki üç hili bolýar: şadyhorramlyk gülküsi, ýaranjaňlyk gülküsi hem içiýananyň gülküsi. Olaryň soňky ikisiniň peýdasyndan zyýany kändir.

* Pişik adamlar bilen ýaşaýan ýeke-täk jandardyr.

* Jan diňe dostuňa ýa aýalyňa däl, sürüjilere-de, lukmanlara-da... ynanylýar.

* Özüňi mejbur edip okamaly däl, hezil edýänligiň hem şonsuz oňup bilmeýänligiň üçin okamaly.

* Agaç kökünden, adam beýnisinden garraýar.

* Ýazam sökýär, sazam.

* Ody suw bilen, ýamanlygy ýagşylyk bilen öçürmeli.

* Aýalyň elem süýji bolmaly, dilem.

* Ýiten zadyňy nesibesi aýrylyşýança gözläbermeli.

Atajan ANNABERDI.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000