Edebiýat

Edebiýat
185 gün 8 sagat öň
Poeziýa

Jahan serwerleri

 Ata ýurduň arkasydyr, il-halkynyň penasydyr,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

Dünýäň sylag-sarpasydyr, dillermiziň senasydyr,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

 

Dowamatdyr dowamaty, adyl ýoly-ýörelgesi,

Ula-kiçä nusgalykdyr görüm bilen göreldesi,

Ulus-iliň arzylany, ezizläni, söwerleri,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

 

Asly bardyr asylzada, pederleri merdanadyr,

Söz sözlese, paýhasy zer, her jümlesi dürdänedir,

Ýedi yklyma çawy düşen, türkmeniň şöhrat-şanydyr,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

 

Dor bedewe atlananda, dag ýaňlanar nagrasyndan,

Dal bedewler orun almyş ýurduň Döwlet tugrasyndan,

Dünýä mähir — nurun çaýmyş päk ýüregiň şuglasyndan,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

 

Her bir işde maslahatly, geňeşdary ýaşulular,

Nesillere öwüt-ündew durmuşda ak ýola salar,

Eziz Diýaryň buýsanjy, synmaz polat gala bolar,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

 

Gadam goýan ýeri gülzar, läle-reýhan, bagy-bossan,

Arş-u-Zemin görke gelmiş, älem-jahan gül-gülüstan,

Beýik-beýik tutumlary köňül içre gazal, dessan,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

 

Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, ýurduň goşa ganatydyr,

Bu Watana sežde-togap Gerçekleriň adatydyr,

Milletiň mertebe Tugy, Hakyň arşy halatydyr,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

 

Haja deň sogaby barmyş köňül awlan ömürleriň,

Ýalkanarmyş alkyşyny alan müňläp göwünleriň.

Beýik Liderleri ýurduň, ajap eýýam-döwürleriň,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

 

Parahatlyk söýen türkmen dünýäň ynsanperweridir,

Aşgabat — dostluk merkezi, Älemiň dür-enweridir,

Kalby — çyrag, ömri — nusga, jahanyň serwerleridir,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz.

 

Watan parzy, halk ynamy joş urýar köňül-serde-de,

Rowaçlyklar ýaran bolmuş bagtyýar şu gün, erte-de,

Ýoluňyz ak, işiňiz şow, alkyş Size müň mertebe,

Gahryman Arkadagymyz,

Arkadagly Serdarymyz!

 

Magtymguly

 Halkyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz

Täze ömür, döwür berdi, owazaň daglardan aşdy.

Magtymguly Pyragy — dana akyldarymyz,

300 ýyllyk şan-şöhratly toýuň toýlara ulaşdy.

 

Nesibämde bar eken, razydyryn ykbalymdan,

Seniň gezen ýerleriňe sežde-togap eýledim.

Gözel Şirgaza baş egip, gadym şäher Hywadan —

Gadam basan ýerleriňden ganman, gözüm egledim.

 

«Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy» diýen şygryň,

Türkmen, özbek, rus dilinde ýazylypdyr diwara.

Üç ýyl okan hüjräňe aýlap, ine, nazarym,

Keşbiň nagyşlap çekýärin hyýalymda didäme.

 

Gadym toprak — Gerkeze hem Türkmensähra baramda,

Arş-u-Zemin, dag-u-düzde, ýollarda — Magtymguly.

Şeýda bilbil «Kah-kah» urup, yşk sazyny çalanda,

Ter güllerde, dost illerde, ýyllarda — Magtymguly.

 

Azady hem Magtymguly — goşa gudrat, keramat,

Birleşdirýär milletleri bir supranyň başynda.

Sežde eýläp ruhuňyza, okadym doga-aýat,

Ynsan ähli jem bolupdyr aramgähiň daşynda.

 

Köpetdagyň eteginde daglar kybap heýkeliň,

Döwrüň beýik ruhy deýin, seleňläp dur belentde.

Tirsegiňe gal, şahyrym, ýurda nazar aýlagyl,

Şanyňa toý toýlaýarys biz her bir oba-kentde.

 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» Siz,

Gahryman Arkadagyň sarpalan eziz ynsany.

Dünýä ýaýyp Arkadagly Gahryman Serdarymyz,

Gör, bu gün Äleme dolýar türkmeniň şöhrat-şany.


 

 


Köňül sözi

Goçaklarym bilen ýördüm,

Ýigitlik möwsümin gördüm,

Gyrat münüp, döwran sürdüm,

Sürdüm, armanym galmady.

«Görogly» şadessanyndan

 

 

(Şahyr Atamyrat Atabaýewiň doglan gününde)

70 ýaş.

Köňül hoş bolup.

Joşdum, armanym galmady.

Şahyr diýdirip, goşgular,

Goşdum, armanym galmady.

 

Kime ini, kime aga,

Ömür sürdüm aga-ýana,

Käte ganat baglap göge,

Uçdum, armanym galmady.

 

Şu toprakdan üzmän örküm,

Şygryýete etdim höküm,

Wasp eýläp gözelleň görkün,

Göçdüm, armanym galmady.

 

Heder etmän ezýetinden,

Gandym yşkyň lezzetinden,

Söýgiň şirin şerbetinden,

Içdim, armanym galmady.

 

Doýman waspyn ede-ede,

Perzentlere mährem eje.

Göýäki diýrsiň jennete,

Düşdüm, armanym galmady.

 

Meýlis gurap dostlar bilen,

Süýji-süýji tostlar bilen,

Kä ýalan, kä rastlar bilen,

Duşdum, armanym galmady.

 

Goşgularym—ganatlarym,

Gaýyp barýan gyr atlarym,

Goýnundan nije ýurtlaryň,

Geçdim, armanym galmady.

 

Beýik ykbal, beýik ömür,

Belentdir ser, kaddym dikdir,

Il-gün üçin dahandan dür,

Seçdim, armanym galmady.

 

Buýra saça düşse-de ak,

Göwün ter, ýaş, juwan hem päk,

Bu ýyllardan ahmyrym ýok,

Ýaşdan armanym galmady.

 

 

Halypa

Nobatguly Rejebowa

«Kitabyň çykaýsa, gerek bor birden,

Syn ýazaýyn, iber goşgularyňy.

Tamam kändir meniň, inijik, sizden,

Döret! Bir ýan goý-da başgalaryny».

 

Aň etmedim bu sözlere, halypa,

Sylag-sarpaň eken — bagtyň ulusy.

Goşgy hem ýazylar, kitap hem çykar,

Tapylmaz türkmeniň Nobatgulusy.

 

Kämillik ýoly

Baýram Jütdiýewe

Indi garrap barýar öňki esgerler,

Watany söýmegiň nusgasy ýaly.

Taryh kitaby dek özüne çekýär,

Olaň durmuş ýoly, beýik ykbaly.

 

Ömür garrasa-da, ýürekler juwan,

Dogum bar, gaýrat bar sözlerinde-de.

Durmuşa söýgi hem ynam döredýär,

Bir pursat olara ýüzleneňde-de.

 

Ajyny-süýjini gören ömürler,

Taplanan, ençe ot-ýalyndan geçen.

Kämil ýoly dowam etmek — dereje,

Hem uly bir borçdur nesiller üçin.

 

Neslim

 Sanjarym hem Atageldim,

Togrulbegim — ogullarym!

Jennet gyzym — jigerbendim,

Göwne ganat bolanlarym!

 

Agtyklarym — arslanlarym,

Seljugym hem Mikaýylym!

Gerçeklerim, beg alplarym,

Buýsanjym — bagtym saýanym!

 

Zyýat boluň akyl-huşda,

Agzyňyz bir, başyňyz jem.

Işde, okuwda, durmuşda,

Şowlulyk ýar bolsun her dem.

 

Sizi ömrüň nur-çyragy,

Saýdym dowam-dowamaty.

Belki-de, garran çagymyz,

Boluň billeriň kuwwaty.

 

Ömür berdi, döwür berdi,

Berlenine ediň şükür.

Gaplap alsyn duýgy-seri,

Bu barlyga söýgi, pikir.

 

Keremlidir Ýaradyjy,

Erk edýändir ýüreklere.

Mährem boluň dörediji —

Ene bilen ene Ýere.

 

Baýlyga däl, çapyň bagta,

Kanagat — kalbyň islegi.

Boýuňyz ýetse-de arşa,

Goldan bermäň pespälligi.

 

Seri dik tutuň hem beýik-

Belent bolsun mertebäňiz.

Bu Watany jandan söýüp,

Başyňyza täç ediň siz.

 

Şinelesin takat-sabyr,

Kökün ursun köňlüňizde.

Ile-güne sarpa, gadyr,

Ýaran bolsun ömrüňizde.

 

Çyragdyr bu, söner, ýanar,

Durmuş söýer, käte siltär.

Şonda berk erk hem ygtyýar,

Mertlik bolsun ýar, medetkär.

Ömür meňzär genji-käne,

Abraýly hem atly boluň!

Ýoluňyz ak

hemem

näme,

Bagtly boluň!


Bäşim Ataýew.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000