Edebiýat

Edebiýat
146 gün 1 sagat öň
“Çyn aşyga döwran bu gün”...

“Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalary bagtyýar zamanamyzyň bagtly günlerine has-da aýratyn öwüşgin berýär. Çünki bu ýylda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklary boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinde akyldaryň döredijiligine bagyşlanan dabaralar uludan geçirilýär.

Dana atamyzyň döredijiliginde il-güne ýaramly, sylag-hormatly, gepi-sözi ýerindäki perzendiň nirede bolsa-da edep-ekramyndan özüni tanadýanlygyny täsirli sözleri bilen şygra geçiripdir. Goç ýigitleriň edep-terbiýesi, hünäri, ylym-bilimliligi hakynda akyldaryň «Meýdan ýoluksa» atly goşgusynyň:

Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň,

Mert çeker täsibin, iliň ýuwurdyň,

Bitiren işini görüň namardyň,

Jeňdir diýip gaçar, duman ýoluksa.

Magtymguly, öwüt bergil söz bile,

Eşiden deň bolmaz gören göz bile,

Mert çykar myhmana güler ýüz bile,

Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.

diýen setirlerinde aýdyň görýäris. Perzentleriniň pähime ýugrulan pendi-nesihatlary öwrenip, ynsan şekilli ynsan bolup, ilhalar ynsanlaryň hatarynda ile goşulyşmagy her bir ene-atanyň arzuwy. Bagtyýar zamanada ýaşaýan her bir maşgalanyň nowjuwan perzentleri ata Watanymyzyň geljeginiň daýanjydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň edep-terbiýeli, ula-kiçä sylag-hormatly, Watana wepaly şahsyýetler bolup kemala gelmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, çagalar baglarynyň döwrebaplygyna, iň esasy zat bolsa, nesil terbiýesine örän uly üns berilýär.

Ýurdumyzda halal zähmet çekmegimiz, ýurdumyzyň ösüşlerine, özgerişliklerine mynasyp goşant goşmak ugrunda atalyk aladalaryny edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Atajan Hojalyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

23.02.2024


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000