Edebiýat

Edebiýat
138 gün 1 sagat öň
«Ylym-taglym algan seni unutmaz....»

Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň aladalary netijesinde, türkmen ýaşlarynyň halan hünärinden ýokary bilim almagy, daşary ýurt dillerini öwrenmegi, ösen dünýägaraýyşly, giň düşünjeli nesil dowamatlary bolup kemala gelmekleri ugrunda umumadamzat bähbitli işler amal edilýär.

  Hawa, ylym-bilim öwrenmek, bilim goruňy baýlaşdyrmak iňňän çetin hünärleriň biri bolup, irginsiz yhlasy, höwesi we ýanbermez üşügi talap edýär. Elbetde, bilim öwrenmek meselesi milli edebiýatymyzyň genji-hazynasyna öwrülen ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde hem çuň many-mazmun bilen öz beýanyny tapypdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem bu babatda: 

— Ylym-taglym algan seni unutmaz,

Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy! –

diýip, ençe ýyllap bilim alan ylym ojagyna bolan çäksiz sarpasyny, köňül senasyny joşgunly setirlerine siňdiripdir. «Kitap okan gullar magnydan dokdur», ýa-da «...Alymlara uýsaň açylar gözüň...» diýen akyldar okamagyň, onda-da many-maňzyna ýetip okamagyň, bilimiňi artdyryp, ylmyň uç-gyraksyz giňişliklerine aralaşmagyň ýaşaýyşda zerurlygy dogrusynda ençeme goşgularynda öwüt-ündew edipdir.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň 300 ýyllygy mynasybetli, TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan etmegi-de, akyldaryň döredijilik sarpasynyň umumadamzat derejesinde belentden tutulýandygynyň nyşanydyr.

Umuman, ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň halk diliniň baýlygyny, şirinligini, şireliligini ussatlarça ulanmak bilen döreden şygyrlarynda türkmeniň milli ruhly gahrymanyny orta çykaryp bilmegi üçin Döwletmämmet Azadynyň mekdebini geçenligi aýdyň şaýatlyk edýär.                            

   Ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary bilim almagy, dünýä dillerini suwara öwrenip, parahat Diýarda zähmet çekmekleri we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin uly aladalar edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür we ähli işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris.        

Maýa AKMYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

02.03.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000