Oýanyp gaflatdan, açdym gözümni,
Erenler paýyna sürtdüm ýüzümni,
Okatdylar, hak sözledim sözümni,
«Segsen mün kelamy beýan» diýdiler.
***
Joşgun ýüregimde mowç urar, ýatmaz,
Gaýnar, gazaplanar, hiç laýa batmaz,
Ylym-tälim algan seni unutmaz,
Gider boldum, hoş gal, gözel «Şirgazy!»
***
Mert oldur ki, bolsa köňli rehimli,
Göwresi giň gerek, özi pähimli,
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli1,
Ýerinde hünäri, işi gerekdir.
***
Magtymguly, söz binýadyň
Agzynda ýakynyň-ýadyň,
Hünär ýok söz bilen adyň
Halk içinde belli görner.
***
Oýunyň lezzetin bilmeýän adam
Hünärli ýigidiň sazyna degmez.
Bet syýakly, bethüý bolan pis adam,
Perizadyň eden näzine degmez.
***
Dünýe görmeý, tutgun galsaň bir künçde,
Bady-paý dek ýer ýüzüne ýeldim tut,
Çyn-Maçynda, Rumda, Hindde, Hebeşde
Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut.
Gurban BEGALYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
13.06.2024
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.