Edebiýat

Edebiýat
35 gün 5 sagat öň
Akyldaryň mertlik dogrusyndaky pentlerinden

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,

Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,

Dagda, düzde kowsa saýýatlar, diri

Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.

 

***

Muhannesiň bolmaz namysy, aňy,

Bir söweş gününde eýlemez jeňi,

Aga-begler, muhannesiň on müňi

Mert ähliniň alty ýüzüne degmez.


***

Mert ogludyr ile ýazar desterhan,

Dogry söz üstünde berer şirin jan,

Ömrüni ötgerer, diýmez bir ýalan,

Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma.


***

Ozal akan ýerden akarmyş aryk,

Özün öwen ýigdiň tanapy çüýrük,

Mertden aşna tutsaň, abraýyňa şärik,

Namart aşnasyna hile getirmiş.


***

Akylly baş köpdür, akyl kesen azdyr,

Datma şerap, uzak içseň ol azdyr,

Mert köňlünde daýym bahardyr-ýazdyr,

Mejnun umman içre salma salyňny.


***

Magtymguly, ýüregimde dert dörär,

Kim görüpdir, koý içinden gurt dörär?

Eý ýaranlar, mert ýigitden mert dörär,

Kaçan turdy, namart ogly mert oldy?

Nowruz ÇARYMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

13.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000