Golland sygyrlaryny azot zyňyndylarynda aýyplaýarlar

Iýul 27, 2022

Niderlandlaryň oba hojalygy hökümetiň howanyň üýtgemgine hem-de hapalanmagyna garşy göreşmek meýilnamasyny ýollamagy sebäpli kyn ýagdaýa düşýär. Süýt öndüriji Ýan Arýe Kurewaar 2030-njy ýyla çenli azat we ammiak zyňyndylaryny 50% çenli azaltmak barada görkezme aldy. Ol köp wagtdan bäri 95 gektar ýerde 120 sany sygyr idedip, ekologik talaplary-da ýerine ýetirip gelýär. Maldar:

«Meniň fermam organiki ferma öwrülip barýar. Gözegçilik edýän gurama maňa sagbolsun aýtmaly. Ýöne men beýle sözleri eşiderin öýdemok. Men ekologiki aladalarymy nähili ölçemelidigini bilemok. Bu ugurda gowy işleri etdim, şu zatlaram az bolýan bolsa, indi näme etjegimi bilemok. Hiç golland maldary-da bilýän däldir».

Niderlandlarda 53 müň kärhana ekin hem-de maldarçylyk bilen meşgullanýar. Bu ýurt oba hojalyk önümlerini eksport etmekde dünýäde ikinji orunda durýar. Bu ulgam milli ykdysadyýetiň 10%-ni eýeleýär. Emma döwletiň meýilnamasyny doly ýerine ýetirmek üçin maldarlar zyňyndylaryny 70% azaltmaly bolarlar. Köp maldarçylyk hojalyklary atmosfera azot galyndylaryny bölüp çykarýan ders hem-de emeli dökünleri öndürmek bilen meşgullanýandyklary sebäpli munuň hötdesinden gelip bilmeseler gerek.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.