«Türkmenistan» gazeti Mary welaýatynyň Garagum, Türkmengala, Sakarçäge, Baýramaly etraplarynyň gowaçaly meýdanlarynda ilkinji ak hanalaryň açylyp başlandygyny buşlady.
Bu hasyl ýylynda welaýatyň pagtaçy kärendeçileri 165 müň gektara gowaçanyň «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 14», «Ýolöten — 39», «Jeýhun» ýaly görnüşlerini ekdiler.
Mineral dökünlerden hem-de siňňitli suwdan ýeterlik paýyny alan gowaçalar häzirki wagtda hasylyny günsaýyn artdyrýar. Bereket buşlukçysy bolan gözüňi dokundyrýan ilkinji ak hanalar bolsa daýhan azabynyň ýerine düşendiginden habar berýär.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.