Alma we armyt öndürijileriniň Bütindünýä assosiasiýasy (WAPA) 2022/23 hasyl möwsüminde garaşylýan hasylyň möçberi baradaky maglumaty beýan etdi. ÝB-27 we Beýik Britaniýada alma öndürilişini 1%, armyt hasylyny bolsa 20% ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Geçen ýylda pes hasyl alnanlygy sebäpli şeýle karara gelnipdir.
WAPA-nyň baş sekretary Filipp Binar şeýle diýdi: «ÝB-27 we Beýik Britaniýada almanyň öndürilişi 1% artsa, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, takmynan 12 167 887 tonna ýetmeli. Şeýle-de, çenimize görä, şu ýylyň hasyllylygynyň ortaça möçberi 2019-2020-2021-nji ýyllara garanyňda, 9% ýokary bolmagyna garaşylýar. ÝB-de 2022-nji ýylda armyt öndürilişi 2 077 000 tonna bolup, geçen ýyla garanyňda 20% ýokarlanar, şeýle-de üç ýyl öňki ortaça görkezijlerden 5% ýokary bolar. Bu Italiýanyň we Fransiýanyň öz önümçiligini iki essedenem gowrak (Italiýa 473 690 tonna we Fransiýa 137 000 tonna) artdyrmagynyň hasabyna mümkin bolar».
WAPA-nyň prezidenti Dominik Woznýak: «Öňümizdäki möwsümde göz öňüne tutulýan ösüşler gowy, elbetde bu pudagyň birnäçe meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolmaga, ýagny harajatlaryň artmagyna, bäsdeşlige, howa ýagdaýlaryna, logistika meselelerine, puluň hümmetsizlenmegine, möwsümleýin işgärleri höweslendirmäge, ahyrky netijede bolsa, päsgelçiliklere garamazdan, möwsümde gowy hilli hasyl almaga taýýar bolmagy talap edýär» diýip gürrüň berdi.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.