Oba hojalyk

Oba hojalyk
479 gün 7 sagat öň
Unjumak çygyň planetada ýaýraýşynyň syry açyldy

  Ösümliklerde gabat gelýän unjumak çyglanmak keseli oba hojalyk ekinleriniň hasyllygyny peseldýän iň erbet zyýankeşleriň biridir. Häzire çenli dünýäde dürli däneli ösümliklere nähili ýagdaýda ýaýrap bilýänliginiň üsti açylanokdy. Sýurih uniwersitetiniň alymlary 5 yklymyň 13 ýurdundan alnan unjumak heňiň 172 ştammynyň genetiki düzümini öwrenip, onuň «syryny» açdylar.


Alymlar bu patogeniň 10 000 ýyl ozal Ýakyn Gündogarda ýüze çykandygyny subut etdiler. Daş hem-de mis asyrlarda oba hojalygy Ýewropada we Aziýada ýaýrap ugraýar. Patogen bu sebitlere adamlaryň göçüp barmagy, söwda ýollary arkaly geçipdir. 300 ýyl öň ýewropalylar unjumak heňi däne bilen bilelikde Demirgazyk we Günorta Amerika eltipdirler.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde, bugdaý arkaly unjumak çyg dünýäniň beýleki ýerlerine ýaýrandygy hem-de ýollarda gibridleşendigi anyklanyldy. Bugdaý her bir ýerli unjumak heň bilen garyşyp, ýerli oba hojalyk şertlerine uýgunlaşyp bilýän täze gibrid dördipdir.

Munuň özi bolsa unjumak çygyň patogenleşmek ewolýusiýasynyň tizleşmegine getiripdir. Muňa subutnama hökmünde, soňky 120 ýylyň dowamynda adaty gündogaraziýa bugdaýy bilen çaknyşdyrmak üçin Ýaponiýa getirilen amerikan bugdaýynyň köpdürli görnüşlerini mysal alyp bolar. ABŞ-dan alnan unjumak çyg ýapon unjumak çygynyň ştammy bilen gibridleşip, bugdaýyň täze görnüşine hüjüm edipdir.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000