Oba hojalyk

302 gün 8 sagat öň
Suw–energetika–azyk–ekoulgam: geljek hakynda alada

9-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary «Merkezi Aziýa döwletleriniň uniwersitetleri üçin okuw maksatnamalary taýýarlamak maksady bilen suw serişdelerini dolandyrmak we «suw–energetika–azyk–ekoulgam» arabaglanşygy boýunça bilim alyşmak we materiallary ara alyp maslahatlaşmak» atly tegelek stol gepleşigine gatnaşdylar. Bu tegelek stol gepleşigi Suw we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslama WAVE tarapyndan gurnaldy. Gepleşige Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylymtaslama» institutynyň wekilleri gatnaşdy.

Gepleşikde Merkezi Aziýa uniwersitetlerinde degişli taslamanyň ýerine ýetirilişine baha bermek, Syrderýa we Amyderýa gurşawynda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak üçin özara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly meselelere garaldy. Şeýle hem suw we energetika pudagynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.



Dilnoza MUHADOWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

https://www.iirmfa.edu.tm/new/online-event


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000