Oba hojalyk

Oba hojalyk
192 gün 9 sagat öň
Bananyň önümçiliginde we eksportynda Türkmenistanyň uly mümkinçilikleri

Ozalky makalalarymyzda hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistan ýyladyşhanada ýetişdirilen gök we miwe önümleriniň eksporty boýunça sebitde öňdebaryjy döwletleriň birine öwrüldi. Hususan-da, ýurdumyz ýyladyşhana pomidorynyň önümçiligi we eskporty babatda Merkezi Aziýanyň lideri hasaplanýar. Ýyladyşhana işewürligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçileriniň öňünde duran indiki esasy wezipeleriň biri daşarky bazarlara iberilýän gök we miwe önümleriniň görnüşlerini, şeýle-de olaryň eksport geografiýasyny diwersifikasiýa etmekdir. Şuny göz öňünde tutmak bilen, bu makalamyzda ýyladyşhanalarda banan ýetişdirmekde we ony sebitiň döwletlerine eksport etmekde Türkmenistanyň uly mümkinçilikleri barada söz açmak isleýäris.

Mundan 10 — 15 ýyl ozal hem ak bazarlarymyzy öz ýurdumyzda ýetişdirilen banan bilen üpjün etmek diýen söz gulaga örän del eşidilýärdi. Emma şondan bäri, gysga döwrüň içinde Türkmenistanda ýyladyşhana işewürliginiň pajarlap ösmegi şol gulagy ýadyrgadýan sözi gözümiziň öňündäki aýdyň hakykata öwürdi. Bu günki günde eýýäm banan ýetişdirmekde doly ugrugan, onuň abyny-tabyny alan türkmen telekeçileriniň bardygy diýseň guwandyryjy ýagdaý. Has anyk aýtsak, häzirki wagtda bu subtropik miwe Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda «Ferhar» hojalyk jemgyýetine degişli 1 gektar, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetine degişli 5 gektar ýyladyşhanada ýetişdirilýär. 2024-nji ýylda bolsa «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetine degişli banan önümçiligine niýetlenen ýene 10 gektar ýyladyşhananyň işe başlamagyna garaşylýar.

Bananyň ýyladyşhanada ýetişdirilişi

Adatça, banan üçin niýetlenen ýyladyşhanalar 7,8 metrden 9,6 metre çenli beýiklikde gurulýar. Bir gektar ýyladyşhanada 1800 — 2000 düýp töweregi banan ýetişdirip bolýar. Banan gögerip, güle durandan soňra, güllemek döwri tomus paslyna gabat gelse 4 aýdan, güýze gabat gelse 5 aýdan, gyş paslyna gabat gelse günüň dowamlylygynyň we Gün şöhlesiniň azalmagy sebäpli, 6 aýdan hasyl berýär. Güllemek döwrüniň haýsy pasla gabat gelýändigi miwäniň hasyllylygyna hem täsirini ýetirýär. Mysal üçin, tomus paslynda güllän banan 14 hoşa hasyl berýän bolsa, gyş aýlarynda 9 hoşa miwe berýär. Gepiň gerdişine görä, hasyllylyk barada aýdanymyzda, ilkibaşda 100 tonna töweregi, soňra tejribäniň artmagy bilen 130 — 140 tonna çenli hasyl almak bolýar. Biz muny banan ýetişdirýän türkmen telekeçileriniň mysalynda aýdýarys.

Banan 20 — 30 gradus aralygyndaky howada kadaly ösýär. Ol yssa çydamly, emma howanyň temperaturasy 40 — 45 gradusa ýetýän howa şertlerinde çyglylygy iň azyndan 40 göterimde saklamak zerur bolýar. Banan 10 gradusda ösmegini bes edýär, 0 we -2 gradusda bolsa ony sowuk alýar. Banan ýetişdirmekde ýene bir üns berilmeli zat, bu miwe howanyň iň ýokary we iň pes derejesiniň arasyndaky tapawudyň uly bolmagyna durnuksyz hasaplanýar. Başgaça aýtsak, gündizki we gijeki temperaturanyň aratapawudynyň 10 gradusdan geçmezligini gözegçilikde saklamak gerek.

Banan barada ýene bir agzalmaly zat, ol agaçlar däl-de, ösümlikler maşgalasyna girýär. Özi-de onuň bir baldagy ösüp, hasyla durandan soňra, gaýtadan miwe getirmeýär. Şonuň üçin hem gülläp, hasyla duran bananyň kökünden, esasy baldagyň hasyly heniz ýetişmänkä, ikinji baldagy ösdürilip başlanylýar. Netijede, ozalky baldagyň hasyly ýygnalyp, ol aýrylýança, aşakdan goýberilen baldak ese-boýa galýar. Bu bolsa dowamly hasyl almaga şert döredýär.

Bananyň ýene bir aýratynlygy ol gerek iýmitiniň aglaba bölegini ýaprakdan alýar. Ýagny banan suwy söýýär, emma ony düýbünden köp bermän, çyglylygyň derejesini 50 — 70 göterimde saklamak peýdaly hasaplanýar. Şeýle-de ony ýapraklarynyň tozan basmagyndan goramaly. Eger bananyň ýapraklaryny tozan bassa, bu onuň ösüşiniň haýallamagyna getirýär. Şonuň üçin hem bananyň ýapraklaryny tozan basan halatynda olary ýuwmak maslahat berilýär.

Bananyň hasylynyň ýygnalyşy barada aýdanymyzda, ony heniz bişmänkä ýygnap, ýörite otaglarda etilen gazynyň kömegi bilen 5-6 günüň dowamynda bişirmek maslahat berilýär. Sebäbi baldakda bişen bananlar süýji bolýandygyna garamazdan, uzak wagt saklamaga ýaramsyzdyrlar. Olar eýýäm 2-3 günde garalyp başlaýarlar. Bişmänkä ýyglan bananlary bolsa 50 — 55 günläp islendik ýurda eksport edip bolýar. Soňra olar satyljak ýurdunda emeli usulda bişirilip bazara çykarylýar. Şeýle edilende banan bişenden soňra hem 5 — 7 gün terligini saklaýar.

Bananyň sortlary hakynda durup geçsek, bu miwäniň dünýäde ýetişdirilýän möçberiniň ýarysyndan gowragy «Cavandish» sorty hasaplanýar. Türkmen telekeçileri tarapyndan ýetişdirilýän banan hem şol sortuň «Grand nain» görnüşine degişli. Biziň bazarlarymyza daşary ýurtlardan getirilýän bananlar hem «Cavandish» sortuna degişli görnüşlerdir.

Bananyň dünýä bazary

Banan dünýäde iň köp öndürilýän, iň köp satylýan we iň köp sarp edilýän miwe hasaplanylýar. Esasan hem, baýramçylyk günlerinde we gyş aýlarynda bananyň sarp ediliş mukdary örän ýokary bolýar. Öz durmuşymyzdan mysal alanymyzda hem baýramçylyk saçagynda beýleki gök önümleriň we miweleriň bardygyna garamazdan, banan ýok bolsa, onuň orny bilnip durandyr.

Statistik maglumatlara görä, dünýäde banan önümçiligi 2008-nji ýylda 95 million tonna deň bolan bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 125 million tonnadan gowrakdyr. Munuň özi gysga wagtyň içinde dünýäde banan önümçiliginiň 25 göterim ýokarlanandygyny görkezýär.

Hindistan banan önümçiligi boýunça dünýä lideri hasaplanylýar. 2021-nji ýylda Hindistanda 30,5 million tonna banan öndürildi. Soňraky orunlarda bolsa Hytaý (12 million tonna), Indoneziýa (7,3 million tonna), Braziliýa (6,8 million tonna) hem-de Ekwador (6,6 million tonna) ýerleşýär.

2021-nji ýylyň jemlerindäki ýagdaýa görä, dünýäde bananyň eskportynyň esasy bölegi, has anyk aýtsak, 29 göterimi Ekwadoryň paýyna düşdi. Bu ýurt 2021-nji ýylda umumy bahasy 3,52 milliard amerikan dollaryna deň bolan banany daşarky bazarlara iberipdir. Şeýle-de bu ugurdaky ilkinji bäşlikde umumy bahasy 1,09 milliard amerikan dollarlyk banany eksport eden Filippinleriň (dünýä eksportyndaky paýy 9,14 göterim), 1,07 milliard amerikan dollarlyk banany eksport eden Kolumbiýanyň (dünýä eksportyndaky paýy 8,93 göterim), 1,06 milliard amerikan dollarlyk banany eksport eden Gwatemalanyň (dünýä eksportyndaky paýy 8,89 göterim) hem-de 1,01 milliard amerikan dollarlyk banany eksport eden Kosta-Rikanyň (dünýä eksportyndaky paýy 8,48 göterim) ady bar.

Şu ýerde ýene bir bellemeli zadymyz, Hindistan, Hytaý, Indoneziýa, Braziliýa ýaly ýurtlar dünýäde banan önümçiligi boýunça iň öňdebaryjy bolmaklaryna garamazdan, ilatlarynyň köpdügi üçin öndürilýän bananyň aglaba böleginiň içerki bazarda sarp edilýändigi sebäpli, esasy eksport edijileriň hataryna girmeýärler. Hatda Hytaý içerki bazaryndaky islegleri kanagatlandyrmak üçin banany uly mukdarda import etmeli bolýar.

Bananyň importynda ABŞ birinji orny eýeleýär. 2021-nji ýyldaky dünýä importynyň 21 göterimi ýa-da 2,89 milliard amerikan dollarlyk möçberi bu ýurduň paýyna düşdi. Bananyň esasy importçylarynyň ilkinji bäşliginde Hytaý (1,16 milliard amerikan dollar, dünýä importyndaky paýy 8,47 göterim), Germaniýa (965 million amerikan dollar, dünýä importyndaky paýy 7,04 göterim), Ýaponiýa (891 million amerikan dollar, dünýä importyndaky paýy 6,49 göterim) hem-de Niderlandlar Patyşalygy (726 million amerikan dollar, dünýä importyndaky paýy 5,29 göterim) ýaly ýurtlaryň ady getirilýär.

Banany ýetişdirmekde we eksport etmekde Türkmenistanyň

mümkinçilikleri

Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň bananyň esasy eksport edijileri bolan Ekwador, Filippinler, Kolumbiýa we Kosta-Rika ýaly döwletlerden uzakda ýerleşmekleri sebitde onuň önümçiligini ýola goýmak üçin mümkinçiligiň has uludygyny görkezýär. Bu ugurda bolsa diňe Türkmenistanda geljegi uly mümkinçilik bar. Birinjiden, ýurdumyzyň güneşli howasy yssyny söýýän bu miwäni ýetişdirmekde sebitiň beýleki ýurtlaryna garanyňda, bize artykmaçlyk berýär. Biziň howa şertlerimizde banany diňe gyş sowugyndan goramak ýeterlik. Hatda tomsuň yssy günlerinde hem ýokarda belleýşimiz ýaly, çyglylygy kadaly saklamagyň hasabyna banandan hasyl almak mümkin. Ikinjiden, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän parasatly döwlet syýasaty netijesinde ýer eýelerine, oba hojalykçy telekeçilere ähli şertler döredilýär. Bu bolsa ýurdumyzda ýyladyşhana işewürliginiň gerimini giňeltmäge amatly mümkinçilikleri berýär. Üçünjiden, banan az zähmeti we pomidor ýa-da beýleki ýyladyşhana önümçiliklerine garanyňda, az maýa goýumy talap edýär. Şeýle-de ýyladyşhanada ýetişdirilýän beýleki ekinlere garanyňda, kesellere hem durnuklydyr. Dördünjiden, Türkmenistanyň geografik taýdan golaýda ýerleşmegi özbek, gazak, gyrgyz, owgan we eýran bazarlaryna önümi dessine ýetirmäge kömek edýär. Özüňiz göz öňüne getiriň, ýyl-ýyldan logistika sarp edilýän harajatyň artýan şertlerinde bu ýurtlara ummanyň aňyrsyndan banany getirmek üçin ençeme ýol çykdajysy bilen bir hatarda, ortaça 30 — 40 gün wagt gerek. Banany Türkmenistandan import etmek arkaly, olar hem ýol çykdajylaryny, hem-de wagty tygşytlap bilerler. Bäşinjiden, dünýä derejesinde bananyň esasy öndüriji ýa-da eksport ediji ýurtlarynda bu miwäniň açyk meýdanlarda ýetişdirilýändigini hasaba alsak, şol ýurtlaryň birinde amatsyz howa şertleri zerarly, hasyl görnetin az alnan ýagdaýynda bu tutuş dünýäde bahanyň ýokarlanmagyna getirýär. Türkmenistanda bolsa bananyň ýyladyşhanalarda ýetişdirilýändigi üçin biz beýle töwekgelçilikden sowlup geçip bileris hem-de dünýäde bananyň nyrhynyň ýokarlanan ýagdaýynda hem öz içerki bazarymyzda onuň bahasynyň durnuklylygyny saklamak mümkin bolar.

Merkezi Aziýa döwletlerinde halkyň sarp edijilik ukybynyň ýokarlanmagy netijesinde, banana bolan isleg hem artýar. Şol sanda Türkmenistanda hem bananyň söwdasy ýokarlanýar. Bu ugurdaky statistik maglumatlara salgylananymyzda, ýurdumyzyň banan importynyň 2017-nji ýylda 11 müň 365,6 tonna, 2018-nji ýylda 11 müň 298,5 tonna, 2019-njy ýylda 9 müň 788,4 tonna, 2020-nji ýylda 9 müň 50,2 tonna, 2021-nji ýylda 6 müň 536 tonna, 2022-nji ýylda 11 müň 482,1 tonna, 2023-nji ýylda bolsa 10 müň 64,1 tonna deň bolandygy görünýär. 2020-2021-nji ýyllardaky banan importynyň azalmagynyň pandemiýa sebäpli ýüze çykandygyny göz öňünde tutup, biziň bazarymyzda ýyllyk ortaça 10 müň tonna banan satyn alynýar diýip bileris. Banan önümçiligi özümizde ýola goýlan halatynda, içerki bazarda bahanyň arzanlamagy, şeýle-de ugurdaş önümçilikleriň (meselem, banany dürli azyk önümlerinde ulanmak) netijesinde bu mukdar 15 müň tonna çenli artyp biler. Munuň özi bolsa häzirki wagtda 90 — 100 gektar, ýurdumyzda sarp edilişiniň geljekde 15 müň tonna çenli artmagy bilen 115 — 120 gektar ýyladyşhanada ýetişdirilen banany diňe içerki bazarda ýerlemäge mümkinçiligiň bardygyny subut edýär.

Mundan başga-da, banan önümçiligini ösdürmek arkaly, goňşy Özbegistany, Gazagystanyň günorta we günbatar sebitlerini, Eýranyň bize golaý sebitlerini, Gyrgyzystany hem-de Owganystany bu miwe bilen esasy üpjün ediji bolmak üçin birnäçe artykmaçlyklarymyz bar. Şeýle-de Azerbaýjana we Russiýanyň bize golaý sebitlerine Hazar deňziniň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly, banan eksportyny ýola goýup bileris. Biziň bu bazarlara golaýda ýerleşmegimiz ýol harajatlaryny azaldýar. Netijede önümiň bazardaky bahasy hem arzan bolýar. Şu ýerde bir mysala ýüzlenesim gelýär. Merkezi Aziýada bananyň söwdasynyň ýokarlanýandygyna 2022-nji ýylyň jemi boýunça goňşy Özbegistanda banan importy boýunça täze rekordyň hasaba alnandygy güwä geçýär. Has takygy, 2022-nji ýylda 140 müň tonnadan gowrak banan özbek bazaryna daşary ýurtlardan getirildi. Şonuň 138 müň tonnasynyň Ekwadordan getirilendigini hem bellemek gerek. Diýjek bolýanymyz, eger-de Türkmenistanda bananyň eksporty ýola goýulsa we degişli döwletara ylalaşyk gazanylsa, biziň şonça mukdardaky banany edil ýanymyzdaky bazara — Özbegistana eksport etmäge mümkinçiligimiz bar. Üstesine-de, Özbegistanyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen banan we beýleki sitrus miwelerini gümrük pajyndan boşatmak baradaky düzgün häzir hem dowam edýär. Munuň özi biziň özbek bazaryna banany eksport etmek mümkinçiliklerimizi has-da ýokarlandyrýar. Gazak we eýran bazarlarynda hem banana bolan isleg ýokary. Şulary göz öňünde tutsak, Türkmenistanda 1500 — 2000 gektara çenli banan ýetişdirilýän ýyladyşhanalary gurup, olardan alnan hasyly daşarky bazarlara ýerlemäge uly mümkinçilik bar.

Umuman, ýurdumyzda banan ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň köpelmegi içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmäge, importyň ornuny tutýan önümçiligiň gerimini giňeltmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga hyzmat eder. Şeýle-de ýyladyşhanalarda banan ýetişdirmek suwy tygşytly ulanmak arkaly, az ýerden köp hasyl almaga hem şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, banan önümçiligi türkmen telekeçileri üçin ýyladyşhana işewürligini diwersifikasiýalaşdyrmakda örän amatly ugurdyr.

Döwletgeldi BALLYÝEW,

telekeçi.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000