Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen-fransuz hünärmenleriniň gatnaşmagynda Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meselesine bagyşlanan wideoduşuşyk geçirildi. Onlaýn duşuşykda türkmen hünärmenleri — Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligiň işgärleri Luwr muzeýiniň Gadymy Gündogar departamentiniň ylmy işgärleri bilen sergini guramagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda sergini guramagyň ugurlary, ady, onda goýuljak gymmatlyklar boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle-de Parižiň Luwr muzeýinde guraljak sergide Türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda iş alyp barýan Ulugdepe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan gymmatlyklaryň goýuljakdygy aýdyldy.
Dünýäniň abraýly muzeýleriniň biri bolan Parižiň Luwrunda bu serginiň guralmagy medeni-ynsanperwer ugurly türkmen-fransuz gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berer.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.