Jemgyýet

Jemgyýet
509 gün 20 sagat öň
«Istärin» filmi ilkinji gezek tomaşaçylara ýetirildi

Şu gün «Aşgabat» kinoteatrynda «Istärin» atly täze filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Ozal habar berşimiz ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän bu film Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürildi.

Magtymguly Pyragynyň «Istärin» atly goşgusynyň esasynda düşürildi. Filmiň başynda Orazdurdy mugallym mekdepde okuw sapagyna başlanyndan okuwçylaryň bilesigelijilikli halda ýerli-ýerden sorag baryny berip, mugallyma has içgin tema girmekligine getirýär. Durmuş we iş tejribesini toplan mugallym öz okuwçylary bilen Magtymguly atamyzyň dünýäsine, durmuşyna seýran edýär. Has içgin tanyşýarlar.

Täze filmde Magtymguly Pyragynyň ýaşlygyny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby M.Kurdow, orta ýaşlaryndaky keşbini bolsa Ý.Gurbannazarow, garrylygyny Türkmenistanyň halk artisti N.Allaberdiýew janlandyrdylar.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000