Dubaýda 10 sany uçar ýerli howa menziline gonup bilmedi

Awgust 16, 2022
27

Adatdan daşary howa ýagdaýy sebäpli, düýn — 15-nji awgustda Dubaý şäheriniň halkara howa menzilinde uçuşlar ýatyryldy. Bu barada howa menziliniň ýolbaşçylary resmi taýdan duýurdy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Milli meteorologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, Abu-Dabi hem-de Dubaý halkara howa menzilleri howanyň hapalanmagy zerarly, 500 metr uzaklykdan hem görünmändir. Şol sebäpli hem howa menziliniň ýolbaşçylary 10 sany uçary beýleki goňşy howa menzillerine ibermeli boldular.

Şeýle-de düýn agşam Al-Aýn, Ras al-Haýma hem-de Hujaýra emirliklerinde güýçli ýagyş ýagdy. Resmiler suw joşmalarynyň hem-de toprak süýşmeleriniň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreleri alyp barýarlar.

Belläp geçsek, Milli meteorologiýa merkeziniň habar bermegine görä, howanyň hapalanmagy hem-de güýçli ýagşyň ýagmagy ýene 4 gün dowam eder. 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.