Dünýäniň ilaty 8 milliarda ýetdi

Awgust 16, 2022
1

Bu maglumat planetanyň ilatynyň wirtual hasaplaýjysyny öz içine alýan countrymetrics.info portalynda peýda boldy. Onda erkekleriň 4 milliarddan gowrakdygy, aýallaryň bolsa 3,9 milliarda deňdigi aýdylýar.

Şeýle-de planetanyň ilaty üçin ölümiň 3 sany iň köp ýaýran sebäpleri mälim edildi. Birinji orunda ýürek-gan damar (2022-nji ýylda 5,9 million adam heläk boldy), ikinji orunda insult (4,2 million adam), üçünji orunda ýiti dem alyş ýollarynyň ýokanç (2,1 million adam) keselleriniň ady agzalýar.

Öňräk Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti Ýer ýüzüniň ilatynyň sanynyň ösüşi barada hasabatyny çap edipdi. Şonda 2022-nji ýylyň 15-nji noýabrynda dünýäniň ilatynyň 8 milliarda, 2080-nji ýyllarda bolsa, takmynan, 10,4 milliarda ýetjekdigi hakda aýdylypdy.

Awstriýanyň Demografiýa we global ynsan kapitaly merkeziniň çaklamalaryna görä, Ýer ýüzüniň ilatynyň sany 10 milliarddan geçmez. Ilatyň ösüş depgini 2070-nji ýylda ýene pese düşüp başlar. Bu ýagdaý Afrikada we Aziýada has-da aýdyň duýular. 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.