«Turkish Airlines» sentýabr aýynda Türkmenistana ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

Awgust 16, 2022
43

«Turkish Airlines» 2-nji sentýabrdan 30-njy sentýabr aralygynda duşenbe we anna günleri Türkmenbaşy we Stambul şäherleriniň arasynda çarter howa gatnawlaryny amala aşyrar. Bu hakda awiakompaniýanyň maglumatyna salgylanyp, ORIENT ýazýar.

Awiakompaniýanyň uçarlary Stambuldan 15:00-da uçup, 19:55-de Türkmenbaşy şäherine gonar. Şeýle-de 22:25-de Türkmenbaşy şäherinden uçup, 23:50-de Stambula gonar. Ekonom derejedäki ähli ugurlar üçin bir taraplaýyn petegiň bahasy ABŞ-nyň 698 dollaryna, biznes derejede bolsa ABŞ-nyň 1495 dollaryna deňdir. Goş-golamy musdsuz äkitmegiň mukdary 40 kg barabardyr.

Şeýle hem «Turkish Airlines»-iň ýurtlaryň arasyndaky howa gatnawyny doly derejede täzeden dikeltmegi meýilleşdirmeýändigi barada aýdylýar. 

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.