«Philips»-iň ýolbaşçysy ÖEH (öýkeni emeli howalandyryş) enjamlarynyň köpçülikleýin yzyna tabşyrylýanlygy sebäpli güýzde işden gider

Awgust 17, 2022
23

"Philips" niderland kompaniýasy 15-nji oktýabrda Frans Wan Hauteniň baş direktor wezipesinden gitjekdigini mälim etdi. Onuň ýerine Roý Ýakobs işe geler. Bu barada kompaniýa öz resmi saýtynda habar berdi.

Wan Hauten 12 ýyl bäri "Philips"-e ýolbaşçylyk etdi. Saýtda habar berlişine görä, indi ol 2023-nji ýylyň 30-njy apreline çenli kompaniýanyň maslahatçysy wezipesinde işlär.

Reuters agentligi Wan Hauteniň işden boşadylmagyny "garaşylmadyk" ýagdaý hasaplaýar. ÖEH enjamlarynda ýüze çykan näsazlyk zerarly köpçülikleýin yzyna tabşyrylmagy bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň iýunyndan bäri kompaniýanyň aksiýalary 50% pese düşüpdi. Bu ýerde esasy gürrüň, zäherli gazlary köpük arkaly çykarýan bäş milliondan gowrak enjam hakda barýar. Bu kemçilik kompaniýa 900 mln € düşer. "Philips" ýüzlerçe işgärlere öwez tölegini-de tölemeli bolmagy ähtimal.

"Philips"-iň ýolbaşçysynyň çalyşjakdygy baradaky täzelik kompaniýanyň aksiýalarynyň ösüşine 4,28% täsir etdi.

Roý Ýakobs kompaniýa 2010-njy ýylda gelipdi. Ol kompaniýanyň birnäçe bölümlerinde dürli ýolbaşçy wezipelerde işläp, 2020-nji ýylyň başyndan bäri maslahat beriş we pandemiýa şertlerinde müşderiler bilen işleşmek bölüminiň ýolbaşçysy bolup işledi. Ýakobs 2021-nji ýylda "Philips"-iň dem alyş enjamlary, ÖEH enjamlary we apnoe ýagdaýynda uky üçin enjamlar boýunça jogapkär bolup işleýär. Ýüze çykan näsazlyk uly meselä öwrülip, köpçülikleýin tankyda sezewar boldy. Şu sebäpli "Philips" 4 milliona ýakyn enjamlaryň ulanylýan wagtynda "saglyga zyýan ýetirmek töwekgelliginiň" barlygyny mälim etdi.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.