«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Iýul 14, 2022

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ýurdumyzda giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bäsleşige 100-den gowrak awtor ozal hiç ýerde çap bolmadyk goşgularydyr täze habarlary bilen gatnaşdylar.


Bäsleşigiň goşgy düzmek görnüşi boýunça:

Baş baýrak Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby Maksatmyrat Çaryýew.

1-nji orun Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistika hünäriniň talyby Gurbansähet Gurbansähedow.

2-nji orun Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Gurbanmyrat Saryýew.

3-nji orun Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy Sapa Hommadow.


Bäsleşigiň habar ýazmak görnüşi boýunça:

Baş baýrak Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň ýaşaýjysy Bahar Hajyýewa.

1-nji orun Türkmen döwlet maliýe institutynyň uçurymy Ogulnur Pirjikowa.

2-nji orun «Ak hünji» HJ-niň kompýuter tehnologiýalary boýunça hünärmeni Kemal Ýalkabow.

3-nji orun çagyryş boýunça harby gullukçy, kiçi seržant Baýgeldi Çaryýew.


«Ýeňiji» diýlip yglan edilen ýaşlar gymmat bahaly hojalyk tehnikalary we bäsleşige işjeň gatnaşanlar ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglandy.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.