Ýeňijileriň ýürek buýsanjy

Iýul 14, 2022

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby Maksatmyrat Çaryýew:

Ynsan yhlasynyň myrat tapmagy nähili gowy zat. Onda-da öz söýýän, göwnüňi göterýän işi edip, hormat-sylaga mynasyp bolmagyň täsirem, gadyr-gymmatam başgaça bolýar. Ine, şu gün hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň bilelikde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli yglan eden «Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşiginde baş baýraga mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle pursatlara her gezek şaýat bolanymda ilkinjije goşgusynyň «Güneş» žurnalynda çykanyny eşidip «tanymalsyrap» ýören oglanjyk göz öňüme gelýär. Pursatlaryň arasynda, baryp, ençeme ýyllar ýatyr. Ýöne şol çagalykdaky begenç bilen şu günki begenjiň arasynda diňe maddy aratapawut bar diýäýmeseň, ruhy güýjem, begenjem, buýsanjam aýny. Men şu günem eli goşgulyja, ýüregi begenç, şatlyk ýaly duýgulardan pürepür şo-ol oglanjyk.

Ýazmak Osman Ödäýewiň aýdyşy ýaly, dörediji adam üçin ýaşamak. Öz sözüň, öz hakykatyň bilen ýüreklere ýol salmak. Şu pursatda döredijilik bäsleşiginiň hemaýatkärlerine tüýs ýüregimden minnetdarlyk bildirýän. Sebäbi sylag-hormat – ynam diýmek. Hernä, bildirilen ynamy ödemek miýesser etsind-ä. Galyberse-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz ýaşlara ähli ugurlarda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


«SalamNews» habar portalynyň habarçysy Ogulnur Pirjikowa:

Öňde biriniň bagt näme diýen sowalyna bir dananyň: «Bagt — bu gadyryň bilinmegi» diýip jogap berişi ýaly, gadyryň bilinmegi käte bagtyň özüne-de ýetdirmeýän bagt ekeni. Eden işimize, çeken yhlasymyza görä, mynasyp baha berilmegi bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar. Owadan arzuwlaryň hasyl bolup, yhlasyň myrada gowuşýan ýurdunda ýaşap, zähmet çekip, bu döwrüň, bu döwletiň waspyny goşgularda, makalalarda beýan etmek her bir gursagy ylhamly, eli galamly ýaşlaryň mukaddes borjudyr. Watanymyzyň ösüşlerini, öňdebaryjy telekeçilerimiziň ýeten belent sepgitlerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde halkymyza ýetirmekde ýene-de yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrýaryn.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.