«Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambuldan iki howa gatnawyny amala aşyrar

Iýul 16, 2022

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Stambul şäherinden Türkmenistana iki sany howa gatnawyny ýerine ýetirer. Bu barada 

«Atavatan Türkmenistan» žurnalynyň elektron neşirinde habar berilýär.Bu ýolagçy gatnawlary awiakompaniýa tarapyndan 2022-nji ýylyň 17-nji hem-de 21-nji iýulynda Stambuldan Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline amala aşyrylar.

Bellesek, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylda wagtlaýyn togtadylypdy.

Bu günki günde bolsa «Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaý (BAE), Moskwa hem-de Kazan (Russiýa Federasiýasy) şäherlerine yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi.

18-nji iýulda bolsa awiakompaniýa Türkmenistanyň Belarusdaky raýatlary üçin ýörite howa gatnawyny guramagy meýilleşdirýär.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.