Jemgyýet

Jemgyýet
369 gün 12 sagat öň
Awstraliýanyň iň garry ýaşaýjysy COVID-19-dan soň 110 ýaşynda aradan çykdy

Awstraliýanyň iň garry raýaty Frank Mouwer koronawirus bilen keselländen soň,  110 ýaşynda aradan çykdy.

Mouwer 1912-nji ýylda doglan. Ol  alty çagaly, 13 agtykly, 21 çowlukly we 2 ýuwlukly adamdy.

Mouwer Awstraliýanyň iň garry adamsy diýen ada, 111 ýaşan Dekster Krýuger aradan çykandan soň, 2021-nji ýylyň iýulynda eýe bolupdy.

Ýeri gelende aýtmaly bolsa, 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Leonda (Ispaniýa), Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, dünýäniň iň garry erkek kişisi Saturnino de la Fuento Garsiýa aradan çykypdy, şonda ol  112 ýaşynda eken.

Bu barada ABC teleýaýlymy habar berýär.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000