Jemgyýet

Jemgyýet
9 gün 8 sagat öň
Ähli ösüşlerimiz — Garaşsyzlygymyzyň miweleri

Ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň baky bagtynyň nurly Güni bolup dogan Garaşsyzlygymyz — biziň erkinligimiz, parahat günlerimiz, bagtyýar ýaşaýşymyzyň gözbaşy. Pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan bu zamanasy biz — türkmen nesilleriniň ykbalyny baky bagta ýetirdi.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Diýarymyzyň ägirt uly ösüşleri, ýeten beýik sepgitleri bütin Ýer ýüzüni haýrana goýýar. Watanymyzyň belent-belent ymaratlary diýjekmi, bolelin nygmatlary gözüňi dokundyrýan bazarlary diýjekmi, goşa-goşadan gelýän toý-baýramlarynyň şatlyk-şowhuny diýjekmi, garaz, göwnüňi arşa göterýän bu zatlaryň ählisi — bagtyýar zamanamyzyň peşgeşi.

«Ähli ösüşlerimiz Garaşsyzlygymyzyň miweleridir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlary, gyzyldan gymmatly pentleri biz — ýaşlar üçin terbiýe mekdebimiz bolup durýar. Biz — ýaşlary Watansöýüjilik ruhunda terbiýelän bu mukaddes Watan öňündäki borjumyz örän uludyr.

Ine, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly senesi ýetip gelýär. Her ýylda bolşy ýaly, bu arzylanyp ýetilen bagtyň baýramy Diýarymyzyň ähli künjeginde uly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen toýlanar. Şanly Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş nesil döwrüň gadamlaryna batly gadamlaryny goşýan, gujurly juwanlar bolup ýetişdiler. Häzirki wagtda önümçilikde, senagatda, ylym-bilim ugurlarynda önjeýli zähmet çekýän hünärmenleriň aglabasynyň ýaşlardygy bizi buýsandyrýar, guwandyrýar. Her bir işde ýaşlaryň ukyp-başarnygyna uly bil baglanýar. Biz — ýaşlar öz saýlan hünärimiz boýunça halypa mugallymlardan maslahat alyp, bilim gorumyzy baýlaşdyryp, kämillik menzillerinden Garaşsyzlygyň batly gadamlary bilen öňe barýarys. 

Goý, ýurdumyzyň bagtyýar günleri, ýagty geljegi, umumadamzat jemgyýetiniň nurana ýaşaýşy ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, bähbitli tutumlary rowaçlyklara beslensin.

Abdylla ALYNYÝAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000