22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Päk zähmetiň zamanasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Türkmen halkynyň gadymdan gelen milli lybaslarynyň, sungat esbaplarynyň, dürli gymmatlyklarynyň sergisi bu ýere gelenlerde has-da üýtgeşik täsirleri oýardy. Döredijilik bäsleşigine özüniň iň gowy makalalaryny, söwda we telekeçilik ulgamynda uzak ýyllaryň dowamynda taplanan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ugrunda irginsiz zähmet çeken halypalar bilen guralan söhbetdeşlikleri ýollan awtorlaryň özleriniň-de aýratyn tapawutlanýan zehin önümleri «Päk zähmetiň zamanasynda» ýokary baha mynasyp boldy. Ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary bu bäsleşige özleriniň mynasyp eserleri bilen işjeň gatnaşdylar.
«Halal zähmet — baky döwlet» diýlişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yhlasly işläp, maňlaý deriňi saçsaň, çeken halal zähmetiň gadyry bilinýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Päk zähmetiň zamanasy» atly döredijilik bäsleşiginde hem ýurdumyzyň söwda we telekeçilik ulgamynda yhlasy bilen päk zähmetiniň hözirini görüp ýaşaýan, döredýän hem-de Watanymyzda bolelin, bagtyýar durmuşyň binýadyny berkitmäge öz mynasyp goşandyny goşýan, halallygyň hem zähmetsöýerligiň nusgasy hasaplanýan türkmen işewürleriniň zähmet üstünliklerini dabaralandyrmak we olaryň nusgalyk zähmetini halkymyza ýetirmek göz öňüne tutuldy.
Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy utgaşdyrylan dabaranyň barşynda çykyş edenler bäsleşigiň ýeňijilerini üstünlikleri bilen gutladylar hem-de halkymyza ajaýyp döwrany bagyş eden, söwdada we telekeçilikde giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny has-da dabaralandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň söwda we telekeçilik ulgamynda gazanan üstünliklerini beýan etmek maksady bilen geçirilen «Päk zähmetiň zamanasy» atly döredijilik bäsleşiginde makalalar hem-de hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek barada beren tabşyryklaryna eýerip, söwda we telekeçilik ulgamynda uzak ýyllap zähmet çeken tejribeli halypalar bilen söhbetdeşlik taýýarlamak boýunça ýeňiji bolan ildeşlerimize Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Maksat JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň
işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.