Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler, dabarasy dünýä ýaň salýan şanly wakalar bu gün mähriban halkymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.
Merdana halkymyzyň ýurt Garaşsyzlygyny alanyndan soň gazanan ikinji üstünligi Hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýe bolmagydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry halkymyzyň hemişelik asudalyk we jebislik hakyndaky isleg-arzuwlarynyň hasyl bolan günudir.
2015-nji ýylda, ýagny Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda – Hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýunyň bellenen ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Hemişelik Bitaraplygymyzyň gaýtadan ykrar edilmegi bolsa, parahatsöýüjilikli, sebit we dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlaryň dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistan döwletiniň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlyklary soňky ýyllarda has-da belent derejelere çykdy. Munuň şeýledigine soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwlet hökmünde daşary syýasatdaky gazanan ýokary üstünlikleri, amala aşyrylan taryhy wakalar arkaly-da göz ýetirmek mümkin.
Ýazmyrat GULMUHAMMEDOW, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
22.11.2023
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.