20-nji noýabrda SPECA hepdeliginiň (BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy) çäginde Azerbaýjanda söwda boýunça iş toparynyň 18-nji maslahaty geçirildi.
Duşuşykda özara peýdaly söwda hyzmatdaşlygynyň ösmeginiň milli ykdysadyýetleriň diwersifikasiýasyna we dünýä ykdysadyýetine doly goşulmagyna möhüm goşant goşup biljekdigi bellenildi.
Maslahatda SPECA agza ýurtlaryň arasyndaky söwdany ösdürmek, multimodal transport we sanlylaşdyrma, şeýle-de çäräniň dowamynda iş toparynyň ýakyn 2-3 ýylyň dowamynda durmuşa geçirjek, amala aşyrmaly çäreleriniň ugurlaryny kesgitlemek barada maslahatlaşyldy.
Şeýle hem şol gün Baku şäherinde «Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» atly halkara maslahat geçirildi. Maslahata türkmen wekiliýeti bilen birlikde, birnäçe halkara guramalaryň hünärmenleri gatnaşdy.
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda SPECA hepdeliginiň (BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy) çäklerinde «SPECA sebitini ählumumy aragatnaşygyň merkezine öwürmek» atly ykdysady forum, şeýle-de «SPECA ýurtlarynyň sergisi: Durnukly ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly sergisi hem geçirildi.
SPECA-nyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli guralan sergide Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri tarapyndan taýýarlanylan diwarlyklar we milli önümler görkezildi.
Şeýle hem SPECA dolandyryjylar geňeşiniň 18-nji mejlisine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Begmyrat Allakbaýew gatnaşdy. Ol mejlisde Türkmenistanda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde ileri tutulýan garaýyşlar hakynda giň mazmunly çykyş etdi.
Forumda türkmen tarapy Türkmenistanyň tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň eksportyny artdyrmaga, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmekde önüm öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň we kabul edijiniň deň bähbitlerini göz öňünde tutmaga taýýardygyny mälim etdi. Şeýle-de B.Allakbaýew SPECA gatnaşyjy ýurtlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly Hazarüsti ulag geçelgelerini ösdürmäge çagyrdy.
Türkmen milli ykdysadyýeti Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä tejribesiniň soňky gazananlaryny durmuşa geçirýär. Milli ykdysadyýetimizi netijeli ösdürmekdäki gazanylýan üstünlikleriň dünýä ýüzünde uly seslenmä eýe bolmagy türkmen binýadynyň berkdendigini ýene bir ýola äşgär edýär.
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.