Jemgyýet

Jemgyýet
143 gün 12 sagat öň
Kanselýariýa harytlary

«Nusganyň» nusgalyk işi

«Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti diýlende, birbada bilmek kynragam bolsa, «Nusga» ruçka diýlende, köpleriň şobada aňjagy bellidir. Topukçaly syýagalamlary öndürýän bu kärhananyň ilkinji üstünligi hem «Nusga» ruçkalarynyň beýleki ruçkalara meňzemeýänligindedir. Aýratyn syýa galamsyz, syýany gönüden-göni göwdäniň içine guýmak tehnologiýasy ulanylýan bu önümler ýönekeýligi, rahatlygy, ýumşak ýazýanlygy we bahasynyň arzanlygy bilen tapawutlanýar.

Bu hojalyk jemgyýetinde göwdeli, topukçaly syýa galamlaryň:

— tegelek;

— altyburç;

— üçburç görnüşleri özleşdirildi hem-de olar:

— gyzyl;

— gök;

— ýaşyl;

— gara syýaly görnüşlerde satuwa

çykarylýar.

«Student Pack» we «Business Pack» görnüşli ýörite amatly plastik bukjalara gaplanan toplumda 10, «Nusga» haryt nyşanly karton gutulara gaplanan toplumda 50-den gowrak syýa galam häzirki wagtda alyjylar tarapyndan islegli harytlara öwrüldi.

 

Könelmeýän harytlaryň täze önümçiligi

Ýylyň islendik möwsüminde ýaramly önümler barada söz açmaly bolanda, mekdep, ofis harytlary hakynda agzamak ýerlikli bolar. Mekdepde we işde esasy sarp edilýän serişdeleriň aglaba bölegi kanselýariýa önümleridir. Eýsem bu önümleriň ýurdumyzdaky önümçiligi hakynda nämeleri aýdyp bolar?!


Hususy telekeçiligiň ählitaraplaýyn ösýän döwründe türkmen işewürleri hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan mekdep, ofis harytlaryny öndürmekde, olaryň görnüşlerini artdyrmakda saldamly goşantlaryny goşýarlar. Muňa mysal hökmünde şarikli ruçkalary, kanselýar faýllaryny, skoçlary, şeýle hem A4 formatly ýazuw kagyzlaryny öndürýän köp ugurly «Eziz Erkin» hojalyk jemgyýetini, şeýle-de «nowa» haryt nyşanly A1, A2, A3, A4 formatdaky ýazuw kagyzlaryny hem-de köp görnüşli karton we karton önümçiligini amala aşyrýan «Toprak» hojalyk jemgyýetini agzamak bolar.

 

Bular seniň onlaýn dükanlaryň...

Özüňize gerek bolan kanselýariýa önümleriniň ählisini bir ýerden almak isleýärsiňizmi? Onda bu işi aňsatlyk bilen çözüň!

Ýurdumyzda mekdep, ýazuw işlerine zerur bolan harytlarynyň satuwy bilen adygan onlaýn dükanlarynyň gerimi barha giňeýär. Olara mysal hökmünde «Galam.tm», «Okuwçy», «Globustm.com» ýaly mekdep, ofis harytlarynyň uly toplumlaryny hödürleýän dükanlary görkezmek bolar.

Bu internet dükanlarynyň ýokary hilli iş we okuw esbaplary mugal­lymlardyr mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň arasynda uly islege eýedir. Depderler, kitaplar, ýazuw hem çyzuw üçin zerur esbaplar, mekdep ýantorbalary, papkalar, portfeller, kagyzlar, syýalar, gara galamlaryň dürli görnüşleri we reňkli galamlar, steplerdir flomasterler, bellik depderçeleri, bloknotlar, ýazuw üçin gurallar we beýleki harytlaryň ählisi bu onlaýn dükanlarynda jemlenendir.


Dört amaldan soňky ädim

Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi netijesinde birnäçe sekundyň içinde millionlarça hasaplamany ýerine ýetirip bilýän kalkulýatory — hasapdany bilmeýänimiz ýok bolsa gerek. Ýönekeý matematiki amallarynyň özbaşdak özleşdirilenden soňky hasaplama biziň wagtymyzy tygşytlamakda, beýnimiziň çalt pikirlenip bilmeginde uly ähmiýete eýe bolan kalkulýator häzirki wagtda ylmy tehnologiýanyň bir ülşüdir.

 

Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000