Jemgyýet

Jemgyýet
143 gün 10 sagat öň
«Pinterest» 2024-nji ýyl üçin bäş esasy reňki saýlady

«Pinterest»-iň hünärmenleri 2024-nji ýylda haýsy reňk palitralarynyň öňdebaryjy boljakdygyny çakladylar. Olar hem platformada, hem tutuş internet ulgamy boýunça medeniýetde, modada, dizaýnda trendleri öwrenip, beýlekilerden ýygy-ýygydan gaýtalanýan reňkleri tapawutlandyrdylar.

«Pinterest» bäş öwüşgini aýratynlandyrdy — «Mämişi çöl» (Desert Orange), «Gülgüne marmelad» (Gummy Pink), «Gök suw» (Aqua Blue), «Ýaşyl moh» (Moss Green) we «Goňur mokko» (Mocha Brown).

«Pinterest» bu reňkleriň 2024-nji ýylda egin-eşikdigine, interýerdigine ýa-da dizaýndygyna garamazdan, stile laýyk we gaýtalanmajak obrazy döretmäge kömek etjekdigine ynanýar.

Taýýarlan: Leýli ANNAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

TMDDI-niň talyby.

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000