Jemgyýet

Jemgyýet
49 gün 6 sagat öň
«Ýaşlar — Watanyň daýanjy»

     Bagtyýar zamanamyzda döwrüň täzeçil ykdysady gadamlaryna ýaşlaryň telekeçilik işjeňliginiň mynasyp goşant goşmagy, döwletimiz tarapyndan döredilýän ähli mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaklary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bolsa, ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiliginiň, ekologiýa kadalaryna laýyk gelýän haryt üpjünçiligine, ýaşlaryň bazar gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna giň mümkinçilikleri açýar.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýuridik şahsy döretmezden we işi ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýa-da ýuridik şahsyň wezipe sanawyndaky işgärleriniň düzümine girýän, telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýaş raýat — ýaş telekeçi hökmünde kesgitlenilýär. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini beýan edýän kadalaryň hatarynda, ýaşlaryň telekeçiligini döretmek we ösdürmek üçin şertleriň döredilmegi barada hem aýratyn bellenilýär.

Ýurdumyzy ösüşleriň täze menzillerine sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Gülnar MÄMIÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

30.05.2024

 


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000