Jemgyýet

Jemgyýet
35 gün 10 sagat öň
Bagtyýar Watanyň waspy belentde

   Bagtyýarlyga beslenen Watanymyzyň her bir güni şanly wakalar bilen has-da bagtly, ýatdan çykmajak duýgulara eýlenýär. Gözel görki göwünleri ganatlandyrýan paýtagtymyz bolsa, özüniň nurana durky bilen has-da juwanlaşýar, has-da jemaly gözleri gamaşdyrýan anjaýyn jadyly gudrata meňzeýär.      

     Türkmenistan binagärlik ulgamynda daşary ýurtly kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Olar bu pudaga dürli desgalaryň taslamalaryny, şäherde ýaşamagyň has amatly şertlerini üpjün etmek hem-de gurluşyk, suw üpjünçiligi, yşyklandyrmak, ýollary gurmak, işjeň dynç alşy guramak we beýleki ugurlary goşmak bilen, şäher hojalygyny dolandyrmak bilen baglanyşykly öňdebaryjy işläp taýýarlamalary hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmakda uly goşant goşýarlar.

    Köpetdagy etekläp oturan Aşgabat şäheri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen gün-günden gülleýär, ösýär, özgerýär. Bu ýyl bolsa ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli belent heýkeliniň hem-de seýilgähiň açylmagy iň bir ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Ol özüniň görkana keşbi bilen beýik döwrüň joşgunly aýdymy bolup dünýä ýaň salýar.

    Bagtyýar Watanymyzy dünýä derejesinde özgertmek, ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!

Yslamberdi TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

13.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000