Jemgyýet

Jemgyýet
35 gün 8 sagat öň
«Akyl kesmez, dür ýasalmaz ussatsyz»...

    «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 17-nji maý güni agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy biz binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarydyr mugallymlaryny hem diýseň begendirdi. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanylýan ýylynda açylan bu beýik binalar her bir türkmen ojagynda beýik halypa hem ýolgörkezijä deňelýän akyldarymyza goýulýan hormatyň ýene bir subudy boldy.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna goşant goşan meşhur Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmegi-de ýurdumyzda dünýäniň döredijilik ussatlaryna goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi.

     Bagtyýar zamanamyzda paýtagtymyzyň gülläp ösüşleri Türkmenistan döwletimiziň ýaşaýjylarynyň başyny arşa ýetirýär. Bu bolsa tutuş ýurdumyzda dowam edýän bedew batly ösüşleriň belent nusgasydyr.

   Şeýle nowjuwan, şeýle parahat, şeýlekin asuda Diýarymyzda okamaga, döretmäge, işlemäge giň ýol açýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerimizi aýdýarys. 

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

11.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000