Jemgyýet

Jemgyýet
35 gün 7 sagat öň
«Ösüş arkaly parahatçylyk» syýasaty dabaralanýar

      Asyrlarboýy öz dostlugy we myhmansöýerligi bilen tanalyp gelen türkmen halky bu däpleri nesilden-nesle geçirýär hem-de olar täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýär. Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, dünýäniň beýleki döwletleri hem-de halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär.

     Ussat, öňdengörüji şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanylýan ýylynda açylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem myhmansöýerligi bilen belli türkmen topragynyň gözelligine aýratyn özboluşlylyk çaýdy. Çünki medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň iň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkeliniň oturdylmagy Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan döräp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirildi. Şeýle asylly işler bolsa asyrlarboýy dost-doganlygy ýörelge edinýän halkymyzyň ynsanperwerlik syýasatyny dünýä äşgär edýär.

    Geljegi uly bolan syýahatçylyk ugry hökmünde hem Diýarymyzyň meşhurlygy artýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu nukdaýnazardan hyzmatlaryň we myhmansöýerligiň ýokary derejesi Türkmenistanyň «ýüzüniň tuwagyna» öwrülýär.

     Dünýä nusgalyk beýik syýasaty ýöredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary üstünliklerden üstünliklere ulaşsyn!

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

12.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000