Jemgyýet

Jemgyýet
35 gün 8 sagat öň
Türkmenistan döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik syýasaty rowaçlanýar

      «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem taryha altyn harplar bilen ýazyljak iňňän möhüm seneler bilen dowam edip dur. Dana atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda durmuşymyza ajaýyplyk, gözellik goşýan ýakymly pursatlaryň şaýady bolmak ähli raýatlarymyzyň göwnüni galkyndyrýar. Bagtdan dolup-daşýan zamanamyza, ajaýyp döwrümize bolan ýürek buýsanjyňy goşalandyrýar.

       Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan akyldar şahyrymyzyň täze açylan Magtymguly Pyragy ýadygärligi hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem beýik pähimdarymyza goýulýan çäksiz hormatyň nyşanydyr. Şu ýerde aýratyn bellenilmegi hakykatyň biri-de, medeni-seýilgäh toplumynda dünýäniň klassyk edebiýatynyň beýik söz ussatlarynyň heýkelleriniň oturdylmagy Türkmenistan döwletimizde edebiýata, sungata, umumadamzat gymmatlyklaryna goýulýan beýik ynsanperwerlik syýasatynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Muny bolsa bu günki gün bütin dünýä ykrar edýär.

     Bu gün parahatçylygyň dostlukly ýollary Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — Garaşsyz Türkmenistanyň üstünden geçýär. Halkymyzda «Gelen — döwlet» diýen ajaýyp pähim bar. Şeýle parasatly sözler türkmeniň döwletlilik ýörelgesine, mizemez däp-dessuryna öwrüldi.

      Eziz Watanymyzda okamaga, döretmäge, işlemäge, bagtyýar ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyz çäksizdir.

Muhammetgeldi ATANYÝAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym öwrenijisi.

13.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000