Jemgyýet

Jemgyýet
35 gün 6 sagat öň
Bütindünýäde ak mermerli Aşgabada bolan gyzyklanma artýar

Ak mermerden bina bolan merjen paýtagtymyz Aşgabat nurana görki bilen bu günki gün görenleri haýrana goýýar. Gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň binagärlik aýratynlygy özboluşly şäher-gurluşyk dizaýny bilen tapawutlanýar. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun alan Aşgabadyň owazasy bütin dünýäde bu ýere gelip görmäge bolan gyzyklanmany artdyrýar.

         Soňky ýyllarda gönüden-göni milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, şäheriň merkezi künjeginde degişli abadançylyk, arassaçylyk işleri yzygiderli alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, Diýarymyzyň baş şäheriniň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilýär. Şäheriň çäklerinde ekilýän baglaryň, dürli gülleriň sany artýar, seýilgäh toplumlarynyň çägi giňeldilýär. Bu bolsa ak mermerli Aşgabadyň özboluşly keşbini has-da gözelleşdirýär.

      Şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde kemala gelýän binalar, ýol-ulag düzümine degişli desgalar, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirip, şäherlileriň ýaşaýşy we dynç almagy üçin amatly ýagdaýy üpjün edýär.

    Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary üstünliklerden üstünliklere ulaşsyn!

Muhammetgeldi ATANYÝAZOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym öwrenijisi.

12.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000