Jemgyýet

Jemgyýet
35 gün 7 sagat öň
Döwrebap paýtagtymyzyň gözelligi dünýäniň üns merkezinde

       Paýtagtymyz Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Munuň özi daşary ýurtly myhmanlary we syýahatçylary mynasyp garşylamak, iri çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň myhmanhana işewürligi ulgamyna iň gowy tejribäni hem-de täze işläp düzmeleri çekmegiň zerurdygyny şertlendirýär.

     Aşgabatda gurlan ýollar we köprüler, estakadalar hem-de tonneller, ýerüsti we ýerasty geçelgeler awtoulaglaryň hem-de pyýadalaryň howpsuz hereket etmegine mümkinçilik döredip, esasy ýollara düşýän agramy peseltmäge, ýola gidýän wagty kemeltmäge şert döretdi.

       Diýarymyzda bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek hem-de täzelerini gurmak, awtoulag serişdeleriniň sanynyň artmagy bilen şertlendirilen häzirki zaman ulanyş talaplaryna doly kybap gelýän inženerçilik desgalaryny gurmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

     Ýurdumyzda dünýä nusgalyk beýik syýasaty ýöredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary üstünliklerden üstünliklere ulaşsyn!

Resul NURBERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

13.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000