Jemgyýet

Jemgyýet
35 gün 5 sagat öň
Beýik paýhasdan kemal tapan gözellik

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanylýan ýylynda açylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy paýtagtymyzyň özboluşly gözelligine gözellik goşdy. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahatyň we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi akyldaryň döredijiligine goýulýan beýik hormatyň aýdyň subudydyr.

     Köpetdagyň beýik gerşinde gurlan ýadygärligiň beýikligi 60 metre, şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmegi bolsa dünýä edebiýatynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda orun alan beýik ussatlaryň hormatyna halkymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik syýasatyny aýdyň şöhlelendirýär.

   Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek ugrunda uly tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary üstünliklerden üstünliklere beslensin!

Ybraýym TAGABAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

13.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000