Jemgyýet

Jemgyýet
35 gün 6 sagat öň
“Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan oňyn özgertmeleriniň gerimi bütin dünýä aýdyň äşgärdir.

Aşgabat myhmansöýerligiň, parahatçylykly döredijiligiň mekany. Durmuş-ykdysady ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýeti has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirki zaman binalarynyň gurulmagy şäheriň ak mermerden bina bolan keşbiniň aýratynlygy bolup dünýä şugla saçýar.

 Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda her ýylda açylýan gözel ymaratlar, ajaýyp binagärlik desgalary, ýadygärlikler bolsa gözellige gözellik, bagtyýarlyga bagtyýarlyk goşýar.

 Dünýä nusgalyk beýik syýasaty ýöredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary üstünliklerden üstünliklere, toýlardan toýlara ulaşsyn!

Ýusup ATAJANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

13.06.2024

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000