Jemgyýet

Jemgyýet
28 gün 23 sagat öň
“Magtymguly, ile ýaýdym nesihat”…

Şeýle dürdäne setirleri umumadamzat dünýäsine miras goýan akyldar şahyrymyzyň her bir setirini okap, müň bir many tirip oturmaly. Dahan içre ýagşy sözleriň gudraty bilen nesiller üçin terbiýe mekdebini döreden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri bu günki gün bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Dünýä belli alymlar hem akyldaryň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna uly baha berip, şahyryň şygyrlary hakda ençeme eserlerini döredipdirler. Dana atamyzyň ençeme dillere terjime edilen goşularyna dünýä jemgyýetçiligi iňňän ýokary baha berýär. Bagtyýar zamanamyzda öňdengörüji şahyrymyzyň şygyrlary bagşylarymyzyň şirin aýdymlaryna öwrülip, belentden-belent ýaňlanýar.

Pähim-parasatly pelsepeçi akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň 300 ýyllygy mynasybetli, TÜRKSOÝ guramasynyň 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragy ýyly diýip yglan edilmegi-de, akyldaryň döredijilik sarpasynyň umumadamzat derejesinde belentden tutulýandygynyň aýdyň subudydyr.

Dana şahyrymyzyň döredijiligi köptaraply temalara baý bolup, many-mazmundan pürepür paýhasa ýugrulandyr. Magtymgulynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi esasy orunda goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek üçin irginsiz zähmetini, joşup duran ylhamyny goşgularyna siňdiripdir.

Umuman, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umumadamzat jemgyýeti üçin beýik terbiýe mekdebidir.

Kadyr Nuryýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

24.06.2024


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000