Jemgyýet

Jemgyýet
28 gün 21 sagat öň
“Garrygan çagyňda ýaş eder seni…”

Nesil terbiýesi, adamkärçiligiň iň gözel sypatlary hem-de bütin ynsanyýetiň ýaşaýşynyň kada-kanunlary dogrusynda iň gymmatly pent-nesihatlary bize miras goýan akyldarymyz müň keren mamla. Pähimdar danamyz durmuşda ulynyň uly ýerinde, kiçiniň kiçi ýerinde öz ýerini bilip, şoňa görä gatnaşykda bolmagy dogrusynda iň ajaýyp, owadan hem-de ymgyr manyly sözler bilen adamzada ýetirip bilipdir. Il-günüňi sylamak, hormatlamak hakda akyldaryň «Iliňi» atly goşgusynyň:

- Doga eýle, bir söz diýseň aşagyn,

Hormatlagyl gözel iliň uşagyn…-

diýen setirlerinde aýdyň görýäris. Nesilleriň pähime ýugrulan pendi-nesihatlary öwrenip, ynsan şekilli ynsan bolup, ilhalar ynsanlaryň hatarynda ile goşulyşmagy her bir ene-atanyň arzuwy.

Bagtyýar zamanada ýaşaýan her bir maşgalanyň nowjuwan perzentleri ata Watanymyzyň geljeginiň daýanjydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň edep-terbiýeli, ula-kiçä sylag-hormatly, Watana wepaly şahsyýetler bolup kemala gelmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine, çagalar baglarynyň döwrebaplygyna, iň esasy zat bolsa, nesil terbiýesine örän uly üns berilýär.

Ýurdumyzda erkana okap, ýokary bilim alyp, halal zähmet çekmegimiz, kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegimiz üçin atalyk aladalaryny edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, ähli tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Sapar Esenow,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

20.06.2024


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000