Gar

Iýul 25, 2022

(Esse)

Küräp durşy «Goýnuň gözünden, düýäň dyzyndan» diýilýäne ýetjege meňzeýär. Gazetiň Täze ýyl sany üçin gar hakda ertirden bäri bir ýazga dümtünip oturan Atda Perreň arassa howada kellesini durlamak üçin edaranyň öňündäki meýdança çykanda, gijöýlän tutan gaý gitdigiçe tutaşyp, boramak boraýardy.

Çykjak gyz ýaly, tutuşlygyna aklyga çolanan Asmangözeliň gözüň ýagyny iýip barýan ak lybasynyň etegi häzir hamala, gözýetime çenli tutuş barlygy öz reňkine çolajak bolýan ýalydy. Bu görnüşi synlap duran Atda Perreň:

— Ýagyp bilýä — diýdi. Onuň beýle diýmesiniň sebäbi bar: gyş düşeli bäri eýýäm ikinji gezek şeýdip ýagýar. Öňki garyň eränine heniz bir hepde-de geçen däldir. Häzirki göz açdyrman durşy-da ýagyp, keýpden çykjagyň rejesi. Günorta, öýle uçurlaryndaky ýazyň bir güni deýin, mahmal ýaly allanäme howany gören onuň soňunyň çöpüniň bardygyna ynanmasa-da ynanmaz, ýöne birneme gar basgylandyryn öýdýän Atda Perreň weli, howanyň öwzaýyndan çen tutdy: ol howa nähiliräk bolanda, Asmangözeliň ýüzünden gar syrajagyny bilerçe bolupdy «Ýagar» diýdi. Ine, ol ýalançy etmedi. Ýer — gögüň arasy çap-çal, özem bäri-bärde diňjege meňzänok. Ol muňa begenýär. Ýok, çen-çakynyň dogry çykanlygy üçin däl-de, bu garyň aýny wagtynda ýagýanlygyna begenýär. Anha, diňe özleri däl, alawagyrdylary bilenem köçäni dolduryp barýanlary görsene! Asmangözeliň gary diňe özleri üçin ýaly. Beýdibem bolýan oguşýa. Goňşy süýji kärhanasynyň adamlary bolarly. Çenelip zyňyşylýan gar tokgalary nyşana degýämi-degmeýämi, ony diňe wagtal-wagtal çykýan çasly gülkülerden, «Uw-f-f!» edip, elini ýaňagynamy ýa boýnuna ýetirýänleriň bolşundan aňaýmasaň, biler dagy eder ýaly däl. Ol-a ol, Atda häzir özüniň näme edip, näme goýýanyny bilmeýäne meňzeýär: elindäki gar tokgasy zynç bolup, suwjaryp gidipdir. Häzir ol ony owuçdan-owujyna geçirip durşuna garlaşýanlardan salsa- da salaýarly görünýär. Gazetçiniň garlaşýanlaryň şowhunyna göterilen hyýal guşy ony sähel salymda ýaşlygynyň birmahallar guduramak guduran alyslardaky ýaýlalaryndan çykardy. Hälki süýji kärhanasynyň işçilerine derek, indi onuň göz öňünde başga bir görnüş peýda boldy. Atda Perreň gözüniň alnynda ardurja daşlaşyp barýan ýaşlygyndan galmajak bolýan ýaly, ellerini agzyna iki ýanlaýyn köweldip, jarçylaryňky ýaly, «E-he-he-he-e-e-eý!» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Ýaşlygy weli, kemtersinden gaňrylaýynam diýenok, barha ara açýar. Sesi eşidilmedimikä?! Geň däl. Eşidilen bolsa-ha beýtmezdiler. Ýerde gar ýatyrka, üstesine-de häzirki ýaly ýagyp durka, näçe bogaz ýyrtaý, sesiň aşyrymlap, uzak gitjek ýeri ýok. Gar ony siňdirýär ahyry! Ýa ol gygyrandyryn öýdäýýärmikä?! Hyýaldyr-da, onda nämeler bolanok?! Gazetçiniň ýaşlygy bilen garlaşasy gelýänligi weli, gara çyny. Gar tokgasyny onap-çenäp, maýajyny gözleýär. Göwün-dä! Göwün guşy Atda Perreňi nämäniň-nämedigine düşünip-düşünmänkä, ýene hyýal guşunyň hälki äkiden ýerine öwrüp getirdi, getirse-de, garlaşýanlardan weli, nam-nyşan ýok. Gar tokgasy bolsa henizem elinde, salaýmandyr. Beýdäýseň bolaýmazdy. Görenler geňlär, eşidenler ýaka tutar. Ol Atdanyň Atda Perreň adyna ýaraşmazdy.

Kakasy pahyryň aýdyşy ýaly, günä bolardy. Takwa kişiler-ä günäni kyrka çenli kesege ýazylýan hasaplaýarlar. Diýmek, ol wagtyň geçmegi bilen ýel-ýagmyra, ygal-yslaňa bozulýan bolmaly. Eýsem ýaşlygyň bir hezili ýalňyşlardyr günäleriň gögeleligiň üstüne atylýanlygyndanmyka?! Ýok-la, ýaşlaryň uludan kiçeldilen ýalylary kän-ä. Pikir ýumagy çöşlene-çöşlene, şu ýere ýeten gazetçi ýaş kärdeşleri Guwançdyr Aşyry ýatlady. Olar edep-terbiýede ulugyz ýaly ahyry! Onsoň olaryň öňündäki uly ýaşlylaryň jogapkärçiligidir göterýän garamaty-da uly. Diýmek, «ömür» diýlip goýberilýän iňňän çylşyrymly, synagly ýolda saly 4-5 müçäni kowalap ýörenler yzdan gelýänleriň öňündäki jogapkärçilik üçinem, özlerine sak bolsalar ýagşy. Kyrka çenli kesege ýazylýan günä galan ömrüňe daşa ýazylýarmyş. Daş bolsa elbetde, kesek däl. Gar astynda duran Atda Perreň ap-ak dünýäni birsellem synlansoň, garykjak bolan gözlerini çalaja owkalady. Möhüm bir zady aýtjak bolanda bolşy ýaly, agzy öwelip gitdi. Häliden bäri daşarda duransoň, gyzaran ellerini biri-birine sürteşdirdi. «Göreş meýdana çykdy, ha-a-aw!» diýip, gygyraýjak jarçy ýaly, ellerini agzyna golaýlatdy, ýöne gygyrmady-da, gapdalynda kimdir birine pyşyrdaýan deýin pyşyrdady: «Ine, saňa Asmangözeliň aklygy!». Atdanyň pyşyrdysy jowur ak töwerege geň galmagyň pyşyrdysy däldi. Häzir onuň şu tämiz gar ýaly bijirim ýüreginde şeýle bir uly kanagat bardy weli, göwnüne bolmasa ol ölçeg birlikleriniň hiçisine sygmajak ýaly. Atda Perreň ony öz ýanyndan Kanagat ülkesi diýip atlandyrdy. Aýdýan zadyna iňňän ynananda bolşy ýaly, agzy ýene öz-özünden öweldi, birdenem ýaşyna gelişmese-de, ýüzüne ýaraşýan oglantaňlyk çaýylyp, erin-ýaryn boldy: gazetçi bolaýşyňy! Şunça ýadyna düşäýdi. Makalasy üçin tapyndydyr öýdeni Magtymgulynyň setiridigi hakydasyna gelip, öz-özünden utanmak utanyp, hortaňdan garaýagyz ýüzi gyzaryplar gitdi. Ýazýan zatlaryň öz sözüň, öz aýdyşyň bilen bilinmeli. Kesp-käri bilen bagly pikire çörňeşen Atda böwrüne diňşedi: dogrudan-da, Magtymgula salgylanmasaň, kanagat diýilýän üçin bäri-bärdäki ölçegler kiçi boljak. Il-günüň kanagaty kiçi-kirim ölçege sygyp ýörenliginde, akyldar ony ülkä, onuň giňişliklerine deňäp ýörmezdi. Halkyň «Kanagata — bereket» diýen pähimi-de söz owadanlamak däl. Ýylyň iň soňky gijesi bolmanda ýeri agardar öýdülýän gar bu gezek egri dyza ýeterli. Obadaşlarynyň aýdyşy ýaly, kanagatlyny ýokarkynyň özem gözden salmaýan bolarly.

Seri durlanmaga derek gaýta garasar sürüsi ýaly, garym-gatym pikirlerde, gözi bu giň meýdançanyň girelgesinden bäri ätläne düşen Atda Perreňiň garaýagyz ýüzi häzirki howa ýaly ýagtylyp gitdi. Şeýtan böwrüne dürtdi öýdýän, ýap-ýaňyja-da herki zadyň öz ýeriniň, wagtynyň bardygy hakdaky pikiri doga edinip dakynmaga taýýar adamyň pikiri birden ikä bölündi. Häli ýere düşende tokgalansoň, suwuljap, kiçelip ugran gar tokgasy bilen aňyrdan gelýän işdeşiňi garlamalymy ýa garlamasyz?! Tereziniň taýly tarapyna geçen pikirler egneşe-egneşe, ahyry ikinjisi agramly geldi. Hyýalynda weli, elindäki gar tokgasyny gazetiň nobatçylygyna gelýän işdeş gelinden dazyrdadyp goýberdi-de, tersine bakyp, gözlerini ýumdy. Häzir onuň pikiriçe, (ähtimal, garaşyşy ýa islegiçe) boýnuna gar degip, onuň awusy süňňüne ornamalydy. Pytrap, ýakasyndan girjek gar bölekleri inini jümşüldetmelidi. Bu Atda Perreň üçin ýakymlymy-ýakymsyz, ony onuň özünden başga bilýän ýok. Rast, şeýle bolaryny isleýärmi, diýmek, şoňa-da garaşýan bolmaly, ýöne beýle bolubam durmady.Işdeş gelin ondan agras, asylly hem durugşanrak bolarly. Ynha, şuny weli gazetçi kes-kelläm boýun alasy gelmedi. Hyýal özüni mamla saýdy.

 — Işdeş ahyry!

 Köňül onuň ýüzüni aldy.

 — Bolanda näme?

 Hyýaldyr köňül biri-birine ýeň bererli däldi.

 Hyýal:

 — Deň-duş.

 Köňül:

 — Ýöne ýaş-ýeleň däl.

 — Sulhuň alansoň...

 — Hä-ä, düşnükli-i...

           Atda Perreň hyýalyndan aýňaldy, göwnüne görä gopdy. Ýetip gelýän işdeşine ýüzlendi:

 — Gurgunmysyňyz?

 «Şükür» diýildigi bolarly, dowamly «ş-ş-ş...» sesi eşidildi, yzyndanam habar gatylýan batlyrak ses geldi:

 — Gyýuw, adam gelýänini görüp, tersiňe bakmaň näme?

Her gezek şu gelin sataşanda bolşy ýaly, Atda Perreň ýene aljyrady, näme diýjegini bilmän ýuwdundy. Bu — daşyndan görnüşi, emma şol wagtky ahwalynyň sebäbini gazetçiniň özünden sorasalar, ol muňa başgaçarak ýorgut bererdi: çaganyň delje tagam görende gultunyşyna, pişigiň ete, süýde ymsynyşyna deňese deňär. Garaz, her zatlar diýip sülä getirjek bolar, ýöne aljyraýandan bolasy gelmez. Bu şeýle bolsa-da-bolmasa-da, göwnündäkini aýdaýmagyň ýeri geldi hasaplan Atda Perreňiň sesi weli, zordan çykdy.

 — Aý.., howwa, gaýtam ýoluňyza garap durşum...

Üzlem-saplam bolsa-da, ýüregiň jümmüşinden bir ýerlerden syzylyp çykan ýyly sözleriň ötegçiniň geçegçi sözleri däldigini aňdymy nämemi, nobatçy gelin çala sägindi. Bu giň meýdança häzir özüne juda daralan ýaly bolan Atda Perreň ýüzüni sallap durşuna ýyldyrym tizligi pursat owadan gelniň ýaýbaň gabaklarynyň astyna düşendigini aňmady. Ýüzüni galdyrsa ol eýýäm gapydan girip barýar.

Ýeri, gazetçi başga näme diýsin?! «Aňrymy bakyp durşuma hyýalymda seniň bilen garlaşdym» diýip bilmez-ä. Diýäýeniňde-de, ol oňa ynanjakmyşmy? Gaýta güläýse nätjek? Kellä dynç bermek üçin ýere düşen Atda Perreň oňa derek böwrüne sanjy bolan alasarmyk duýgular bilen üçünji gatdaky iş otagyna barmak üçin lifte tarap haýdady. Barşyna-da gar bilen bagly ýazgysyny gaýtadan okamaga oturdy. Sözlemleri syntgylady, sözleriň käbirini çalyşdy. Şonda-da göwnüne ol heniz çig ýaly boldy durdy. Bu gar daýhany gürletseň, topragyň melhemi, ýeriň berekedi. Öýden örýän adam üçin gözellik, päklik. Atda Perreň gar hakdaky ýazgysynda iňňän belet zadyny tas unudan eken. Gar — könelmez köne kespli çarwalar üçin synag. Onuň kärdeşleriniň ýazyşy ýaly, çarwalaryň şeýle howaly her güni edermenlik. Abraýyň bolsa diş-dyrnak bolnup gydyrdanylýan zähmet edermenligine tirkelýändigini hemme bilýär.

Gar ýene näme?

Ol bu sowala jogaby entek-entek ýagarly garyň özünden almaly ýaly, ýerinden turdy. Üçünji gatdaky iş otagynyň penjiresinden aşakda ýaňky duran ýeri zordan saýgartdy, ýene güýçlenipdir. Özem ümsüm, ýöne durmuşsöýerligiň ysyny berýän dabaraly ümsümlik. Sessiz. Özgeler babatda pylan zat diýmese-de, şeýle ýakymly ümsümlikde, sessizlikde ol özüni gördi, işiňe gümralygy duýdy. Duýsa-da ony kagyza geçirip durmady.

Ahyrsoňy ynjalan Atda Perreň stolunyň tahylyndan täze ýylyň senenamasyny çykardy. «202... 1-nji ýanwar. Anna» diýen sahypasyny açdy. Jaň etmäge başlady.

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW,

«Biznes reklama».

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000

Ähli hukuklar goralan.