(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanlarynda).
«Ýer ala — ýurt ala» diýlen ýörgünli sözi eşidensiňiz. Türkmeniň Garagum sährasy Gyzylgum çölünden, Köpetdagy Köýtendagdan, Amyderýasy Murgapdan, Bathyz belentlikleri Üstýurt gyryndan, Kelif köli Sarygamyş kölünden tapawutly. Hersiniň öz täsinligi, diňe öz daş-töweregine muwapyk aýratynlygy, özboluşly owadanlygy bar.
Gündogarda birwagtlardan bäri, ýaşalan ýaşy ömür bilen däl-de, geçilen menziller, görlen uluslar, ýurtlar, duşulan adamlar, şolardan galan täsirler bilen ölçelendigi hakda gürrüňem bar. Bu heňe gelmänem duranok. «Ilki gördüm, soňra bildim diý» diýlen sözem bar ahyry!
Öz iliň, öz ýurduň, jandan ileri görülýän Watanyň hakda bilmek, oňaryp bolsa şonuň täsin künjeklerine seýli-seýran etmek hem-ä gyzykly, hemem parz. Ilimizde görülmedik, barylmadyk, özem zyýarat derejesinde hatyralanmaly ýerler juda kän. Öz topragyň mukaddesligini duýmakdan aňrybaş bagt bolup bilermi eýsem?
Ýurdumyzyň iň demirgazygynda Sarygamyş köli bar. Ol tutuş ýurdumyzda iň uly çöketlikleriň biri. Taryhyň saralan sahypalary, heňňamlaryň sedasy Amyderýanyň suwuny guýýan mahallary bu ýerleriň jennet bilen bäsleşen mekan bolandygyndan habar berýär. Şu töwereklere düşseňiz, kän ýaşan adamlaryň agzyndan: «Bir wagtlar Bötendag ýakalaryndan üçege münen pişik ýere düşmän, Hywa ýetibilýän eken» diýen del sözi eşidersiňiz. Diýmek, jaýlar aýdylyşy ýaly, şeýle gür, dege-dege gurlupdyr, ilat juda kän bolupdyr. Ine, ýol söküp otursaň, Sarygamşa ýetäýmänkäň, Üstýurt gyrlaryny ýanbaşlap oturan Ybrahym Edhem öwlüýäsine barýarsyň. Bu mukaddes ýeriň gyşyn-ýazyn zyýaratçylary ýetik. Ýöne Sarygamyş ýaýlasynyň özi giden bir taryh, açylmadyk syr bolup ýatyr. Onuň goýnundaky galalary, köne harabaçylyklary sanap çykmagam mümkin däl. Göçülen ýurduň yzlary ahmyr alamatyna meňzäp, oýmur-oýmur bolup galypdyr.
Terjimeçi hem gündogarşynas Juma Ataýew bilen mundan kyrk ýyl ozalrak bir kitaby terjime edipdik. Ol 1898-nji ýylda Sankt-Peterburgda çap edilen «1873-nji ýylyň Hywa ýörişi» («Oписaние Хивинскoгo пoхoдa 1873 гoдa») atly kitap. Patyşa goşunlarynyň polkownigi F.I.Lobysewiç tarapyndan düzülip, kitap görnüşine getirilen bu ýazgylar türkmen halkynyň gaty uzak bolmadyk geçmişindäki pajygaly günleri, oňa sebäp bolan syýasy, ykdysady, strategik çözgütleri bassyr-ýussursyz açyp görkezýän hakykaty sahypalaryna siňdiripdir. Ilkinji gezek türkmen dilinde «Garagum» žurnalynda çap edilen bu kitap gysgaldylyp, diňe öz halkymyzyň ykbaly, türkmen topragy bilen bagly ýerlerine ýüzlenilip terjime edilipdi.
Şol kitapda Üstýurt etekleri, Sarygamyş ýakalary hakda diýseň gyzykly maglumatlar agzalýardy. Dogry, ýer-ýurt atlary ýoýlup alnypdy, ýöne süňňünde şol diýýän manyň ýatyrdy. «Üstýurduň bärsindäki Urgu burun diýlen burnuň golaýynda ýerleşen Gara Gumbet diýlen ýer», «Gara Gumbede ýetmäge dört werst galanda Ýangusuw guýusy bar», «Tüni derýanyň hanasynyň kenary bilen ýöredik», «Aýböwre golaýladyk. Aýböwür aýlag eken. Ol ýerden Akkol diýen ýere baryp düşledik», «Gerkasly üç gün ýöräp, Gara agaç çaýyna baryp ýetýär», «Akgala diýen ýerde goşun goş ýazdyrdy»...
Nädürsräk ýazylanam bolsa (kagyza geçirýän özge millet, başga dilli bolsa bu bolaýýan ýagdaý), şeýle ýer-ýurtlar Sarygamyşda, onuň golaýlarynda bar.
Tüniderýa bir wagtlar Sarygamşa guýupdyr. Muňa şaýatlyk edýän taryhy maglumatlaram, ýazgylaram, rowaýatdyr tymsallaram ýeterlik. Nalajyň gyryny etekläp akypdyr. Tärimgaýa, Zeňňibaba, Goýungyrlan, Gaňňa, Eşegaňňyran gyrlary, Gulantakyr, Akböwet ýaýlasy... bularyň ählisiniň ady ýaşaýyş-durmuş bilen üzülmez baglanyşygy aýdyp dur.
Ynha, Adak galasyna baryp gör! Ol Uzboýuň Sarygamyşdan çykýan ýerinde köne haraba öwrülip, «Gadymydan galan ýadygärlik men» diýip, sözsüz söýleýän ýaly, seleňläp otyr. Ol Hywa — Köneürgenç — Aýrabat — Gürgen ýolunyň gatnawyny üpjün edýän gala bolan. Bu ýol bolsa şo-ol gadymy Ýüpek ýolundan bölünip uzaýan şahalaryň biri.
Sarygamşyň ýokary akymynyň ugrunda bolsa Atabaýşor, Giçgeldi, Taýakan, Akýaýla, Bada ýaly takyr-şorlar ýaýylyp gidýär.
Şol golaýlarda Küýzeligyr (onuň Ýetimgyr diýlen ady hem bar) galasy, Galalygyr bar. Olar Şasenemiň galasyna golaý. «Meger, rowaýatlara siňen wakalar çyn bolsa gerek» diýdirýän duýgyny beýnide şineletjek bolsaň, bu galalara seýran edip görmeli.
Sarygamşyň gündogar çetinde Tüýnükli, günorta-günbatar çetinde bolsa Tünekli diýilýän jar-çöketlikler bar.
«Naýzahal depesi Şasenem galasyndan 22 çakyrym (1 çakyrym — 1,07 km) kyblada, Amyderýanyň Sarygamşa guýan Lowzan gollarynyň (olar bolsa 3 sany) iň çep hanasynyň ugrunda. Abadan kempiriň köşgi bolsa, Şasenem galasyndan maşrykda — gündogarda 5 çakyrymlykda, goluň içinde — çöketlikde 10 gez (metr) belentlikde sadranç ýaly bolup durardy» diýip, köne adamlar aýdýarlar. Emma 1969 — 1972-nji ýyllarda Malýap kanaly gazylanda, suw raýşy böwsüp, köne köşk weýran bolan.
Tüniderýanyň ýene bir adynyň «Zalym derýa» bolandygyny köne kitaplary, gadymy golýazmalary okasaňyz, dessanlary diňleseňiz bilersiňiz. «Şasenem-Garyp» dessanynda bardyr-a:
— Zalym derýa, senden Garyp ötdümi? –
diýen setir. Köne adamlar beýle diýilmesiniň sebäbini onuň towlanyp akany üçin diýip düşündirýärler.
Sarygamşa soňky gezek baranymda, şu ýerdäki Bötendag ýaýlasynda mugallym bolup işleýän şahyr Täçdurdy Kerimow: «Ýör, halypa, saňa Sarygamyşda gurlan bendi görkezeýin» diýdi. Çuň hananyň çala daralýan ýerinde gurlan desganyň sudury häzirem mese-mälim bolup dur. Gündogardan şaglap gaýdýan Amyderýanyň günbatara hana eden ugry henizem durkuny bozmandyr. Diňe kert kenarly jaryň kä ýeri ýylgyndyr çerkez, ojardyr gandym... tokaýlygyna öwrülipdir diýäýmeseň.
— Sarygamşa gidýän şu hananyň ugrunda bent gurlansoň, bu ýer hasylly, bakjaly mekana öwrülipdir. Köneden, garrylardan galan gürrüňe görä, şol döwürler bu mekan ok ursaň, geçmez diýilýän baglyk-bossanlyk bolan. Obanyň Bent ady şondan galan – diýip, Täçdurdy Gün batar uçurlary gaýra-günbatardan oba tarap inen düýe sürülerine söýünçli bakdy. Bent obasynyň düýe çalyny içip, agaranyny dadyp gör! Tagamy üp-üýtgeşik geläýer. Onuň sebäbem bu ýerler gyrlaç düzlük bolansoň, bitýän ýowşanydyr köwreýigi, selnidir selmesi, garaz, ähli ot-çöpi özge ýeriňkiden tapawutly...
Munuň şeýledigi welin, çyn eken. Men Çaşgyn ýeňselerinde-de, Derwezäniň gapdalynda-da, Jebel ýakasynda-da... agaran iýip, düýe çalyny içip görüpdim. Çeşmelerine bereket, olaram «Tagamy agzyňdan gitmez» diýilýänidi. Emma Bötendagda bitýän gaty çöpleri çeýnän düýeleriň çaly, dogrudanam, üýtgeşik. Ýene bir haýran galan zadymam ýatlaýyn. Sarygamşyň ýeňsesi Üstýurt gyrlaryna direýär. Çopan-çoluklaryň aýtmagyna görä, gyryň üstünde iňňän ir döwrüň guýularam bar. Gyryň üstünde gazylan guýularyň suwy aşakda gumda gazylan guýularyňkydan ýogynrak gelýär. Ýöne düýä, goýun-geçä bolýar. Gyryň ýene bir üýtgeşikligi, martyň ortasynda güpüläp gar düşýär-de, apreliň başyna çenli gözüni jüýjerdip ýatyberýärem. Gyrda sakyrtga ýok, goýna gurt düşenok. Haýran galdyrýan ýene bir täsinligi eger gumuň gurtlan goýun malyna gyryň guýusynyň suwundan ýeke gezek içirseň, ähli gurdy dökülýär. Soň men kitaplary agtaryp, maglumatlary dörüp, şeýle ýazgylaryň üstünden bardym. Baryp-ha, 1843-nji ýylda däli Jeýhunyň suwy joşup, Derýalygy doldurypdyr. Derýalyk — bu Horezmiň töwereginiň Alla tarapyn gazylan tebigy akaba ugry. Derýalyga sygmanam, derýa suwy şol joşy-bady bilen Sarygamşa baryp ýetipdir.
Ine, Sarygamyş ýaýlasy şol ýaňky ýatlan döwrümiz bol suwdan şeýle bir ganypdyr weli, topraga düşen bir tohum iki bolup gögeripdir.
(Dowamy indiki sanymyzda).
Gurbannazar Orazgulyýew,
«Biznes reklama».
biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm
+993 12 237795
+993 12 237792
Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000
© Ähli hukuklar goralan.