Syýasat

Syýasat
79 gün 13 sagat öň
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine geldi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanda dürli maksatly binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýan «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen gürrüňdeş boldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tejribeli lukman hökmünde öz ähmiýetli maslahatlaryny berendigi üçin, şeýle hem Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde saglygy goraýyş edaralarynyň lukmanlarynyň we işgärleriniň adyndan Gahryman Arkadagymyza «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly halyny sowgat gowşurdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 

 (TDH).


Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000