Syýasat

Syýasat
79 gün 13 sagat öň
«Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty

25-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri» işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki dostlukly ýurduň döwlet we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ugurlary boýunça ýöriteleşen kompaniýalar, şol sanda «HK Associates», «AMEA Power», «Arabian Falcon Holding», «ADIO» we beýleki kompaniýalar bar.

Çykyş edenler ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmek arkaly netijeli dialoga açykdygyny bellediler. BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň forumda eden çykyşlarynda Emirlikleriň iri kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy. Açyklyk we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen işewürler maslahatynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlaryndaky, ösen tehnologiýalar pudagyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri seljerildi hem-de bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary kesgitlenildi.

Netijeli häsiýetde geçen forumyň çäklerinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de ýakyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen duşuşyklar guraldy. Forumyň ahyrynda şu gezekki çäräniň Türkmenistanyň hem-de BAE-niň işewür toparlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Habarlaşmak üçin

biznes.reklama@list.ru
biznesreklama@sanly.tm

+993 12 237795
+993 12 237792

Salgysy

Bitarap Türkmenistan şaýoly,
jaý 593, Aşgabat, Türkmenistan, 744000